Ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda ýaş nesliň sport bilen meşgullanmagy üçin döwrebap sport desgalary gurlup, döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilip, sport bilen meşgullanmaga oňaýly şertler döredilýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň iň naýbaşylarynyň biri hem ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän Uniwersiada ýaryşlarydyr.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylyň fewral aýynyň dowamynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen yglan edilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen XIV Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň boks görnüşi boýunça ýaryşa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary hem gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşan talyplarymyzdan 71 kg agramda hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Atajan Hudaýberdiýew 2-nji orna, 86 kg agramda hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Myratdurdyýew 2-nji orna, 57 kg agramda ýangyn-tehniki fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Rejepmyrat Bozoglanow 2-nji orna we 92 kg agramda hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Amanmyrat Baýgeldiýew baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýlelikde, sportuň boks görnüşi boýunça toparlaýyn bäsleşikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň «Nesil» topary baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy.
Türgenlerimizi bu sport ýaryşyna taýýarlamakda institutymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň atlandyrylan talyp hakyny almaga mynasyp bolan içerki goşunlar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Allanur Oraznepesowyň, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän sport bäsleşikleriniň ençemesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan institutymyzyň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kerim Sanjarowyň ýardam berendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Sport ýaryşynda ýeňiş gazanan talyplarymyzy gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara geljekde-de ýurdumyzda we halkara derejesinde geçiriljek sport ýaryşlarynda uly üstünlikler arzuw edýäris. Türkmen sportyny ösdürmekde oňyn döwlet syýasatyny alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Roman Sehmeýster,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi.