Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na bes­le­nip, «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýy­lyň wa­ka­la­ry Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly ýyl ýaz­gy­sy­na tä­ze sa­hy­pa bo­lup ýa­zyl­ýar. Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty ýur­du­my­za yk­dy­sa­dy ösü­şiň we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Şeý­le dö­wür­de te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gyn­da hem uly ösüş­ler gaz­an­yl­ýar. Mun­da älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ry­lan eme­li hem­ra­my­zyň hem go­şan­dy ulu­dyr.
2025-nji ýy­lyň ap­re­l aýynda «Türk­me­nÄ­lem 520E» il­kin­ji mil­li ara­gat­na­şyk hem­ra­sy­nyň iş­läp baş­la­ny­na 10 ýyl dol­dy. Bu wa­ka türk­men te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ös­dür­mek, ara­gat­na­şyk­lar we gep­le­şik­ler ul­ga­myn­da ýur­duň hal­ka­ra orun­la­ry­ny ber­kit­mek ug­run­da mö­hüm ädim bo­lup, yl­my we teh­no­lo­gi­ki ösüş üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy.
2015-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de Ka­na­we­ral kos­mod­ro­myn­dan (ABŞ, Flo­ri­da şta­ty) «Falcon 9» gö­te­ri­ji­ ra­ke­tasy ar­ka­ly kosmosa il­kin­ji türk­men ara­gat­na­şyk hem­ra­sy goý­be­ril­di. En­jam Türk­me­nis­ta­nyň sar­gy­dy bilen «Tha­les Ale­nia Space» fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Bu hem­ra di­ňe bir teh­ni­ki öňe­gi­diş­lik bol­man, eý­sem, döw­re­bap­laş­ma­gyň we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze döw­rü­niň ny­şa­ny bol­dy. «Türk­me­nÄ­lem 520E» hem­ra­sy­nyň goý­be­ril­me­gi­ netijesinde ýurdumyzda te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gin­de mö­hüm ädim ädil­di.

Gur­ban­ýaz RE­JE­POW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.