ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 13-16 maý aralygynda Pars aýlagyna eden sapary wagtynda BAE bilen 200 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Bular awiasiýa, energiýa we beýleki senagat pudaklaryna, şeýle hem emeli aň pudagyndaky ösüşlere maýa goýumlarydyr. Saud Arabystanynda Amerikanyň Prezidenti 600 milliard dollarlyk, Katarda bolsa 243 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Şeýlelik bilen, Ýakyn Gündogara syýahatyny umumy bahasy 1,4 trillion dollarlyk maýa goýum wadalary bilen tamamlady. ABŞ bilen Pars aýlagy ýurtlarynyň arasyndaky özara maýa goýumlar iki tarap üçinem peýdaly: Waşington içerki önümçiligi dikeltmegi tagalla edýär, Ýakyn Gündogar ýurtlary ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek we nebite garaşlylykdan uzaklaşmak üçin emeli aň ösüşini çaltlaşdyrýar.
BAE iň uly emeli aň şäherçesini gurar
BAE bilen şertnamasynyň özeni Abu Dabide guruljak 26 inedördül kilometrlik emeli aň şäherçesidir. Kuwwaty 5 gigawata deň bolan bu şäherçe maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler üçin niýetlenendir. Bu desga BAE-de ýerleşýän ABŞ-nyň birnäçe kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gurlar. “ABŞ-yň çäklerinden daşardaky iň uly emeli aň şäherçesi, sebitdäki hasaplaýyş mümkinçiliklerini üpjün edýän we Global Günorta hyzmat edýän amerikan giperskeýlerlerini we iri kärhanalaryny kabul eder» diýiň ABŞ-nyň söwda ministrligi mälim etdi. “Bloomberg”-iň habaryna görä, Donald Tramp BAE her ýyl 2027-nji ýyla çenli «Nvidia»-dan 500 müňe çenli ýokary öndürijilikli H100 grafiki gaýtadan işleýiş enjamlaryny import etmäge mümkinçilik berýän şertnamany göz öňünde tutýar. Bu çipleriň bäşden biri G42 üçin niýetlenendir.
Şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystany bilen emeli aň boýunça 80 milliard dollarlyk maýa goýum şertnamasyny baglaşdy we «Nvidia» we beýleki iri ABŞ kompaniýalarynyň paýnamalaryny ýokarlandyrmaga kömek etdi. BAE-niň Prezidenti Muhammet bin Zaýid Al Nahaýýan, bu şertnamany, “emeli aň pudagynda ýurtlarymyzyň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlygyň subutnamasy» diýip baha berdi.
Beýleki esasy geleşikler
Şeýle hem “Boeing” we “GE Aerospace” BAE-niň milli howa kompaniýasy “Etihad Airways” bilen şertnama baglaşdy. “Etihad”, GE hereketlendirijili 787 we 777X modellerini goşmak bilen 28 sany giň fýuzelýažly uçarlary satyn almaga 14,5 milliard dollar maýa goýmagy wada berdi. Iki kompaniýa hem Donald Trumpyň sebit saparyndan iň köp peýdalananlaryň arasynda boldy. Bir gün öň “Boeing” Katar howa ýollary bilen 96 milliard dollarlyk sargyt baglaşdy.
Energetika pudagynda ABŞ-nyň “ExxonMobil Corp”, “Occidental Petroleum Corp” we “EOG Resources Inc” ýaly kompaniýalary Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasy (ADNOC) bilen 60 milliard dollarlyk şertnamanyň çäklerinde nebit we gaz önümçiligini giňeltmek üçin hyzmatdaşlyk eder.