7-nji aprelde tutuş ýurdumyzda, şol sanda täze Arkadag şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri geçirildi. Olar sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Oňa talyp ýaşlar, dürli pudaklaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdyrlar. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketi gün-günden giňelýär, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany barha artýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Arkadag şäherindäki Akhan atly bedewiň heýkeliniň ýanyndaky meýdança geldi.
Aýdym-sazly çykyşlar bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň dabarasyny artdyryp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň netijeli amala aşyrýan beýik işleriniň senasy bolup ýaňlandy.
Hormatly Arkadagymyz ýygnananlary ähli ýerde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň ähmiýetini belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Akhan şaýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň öňüni çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Döwlet baýdagynyň sütüni dikeldilen meýdançanyň daşyndan aýlanyp, Arkadag şäheriniň köçeleri boýunça ýoly dowam etdirdiler.
Hormatly Arkadagymyz welosipedli ýörişiň dowamynda şäheriň ähli künjekleriniň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň, ýokary ekologik ýagdaýynyň, şäher ilaty üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň häkimine birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Arkadagymyz şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidentiniň orunbasary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy hem-de merkeziň baş direktory bilen gürrüňdeş bolup, toplumyň çäginiň arassaçylyk derejesine zerur üns berilmelidigini belledi.
Merkeziň häzirki zamanyň ösen tejribesi we ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylandygyny, onda ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak ugrunda zerur şertleriň döredilendigini belläp, hormatly Arkadagymyz onuň ýanynda lukmançylyk işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy teklip etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ugurdaş desgalary hem-de merkeziň çägindäki çagalar üçin ýüzüş howdanlaryny synlap, olaryň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Sebäbi suwda ýüzmek operasiýadan soňky bejeriş döwründe saglygy berkitmäge ýardam berýär. Bu ýerde gurlan oýun meýdançalarynda ak çägäniň dökülmegi çagalaryň şadyýan oýnamaklaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň saglygy üçin ýaramlydyr. Hormatly Arkadagymyz lukmançylyk işgärleri üçin naharhanany gurmak üçin amatly ýeri saýlap almagyň gerekdigini, şeýle-de onuň çäkleriniň, binalaryň arassaçylyk ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Munuň özi hemmämiziň sagdynlygy hemra edinýändigimiziň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Soňra hormatly Arkadagymyz toplumyň çäginden çykyp, merkeziň işgärleri üçin niýetlenen binalarda ýerleşdirilen ýazgylara ünsi çekdi. Olaryň hemmesi göze gelüwli, many-mazmunly bolmalydyr diýip, Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.
Lukmanlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň ýanyndaky ugurdaş desgalary, dürli dessur çärelerini geçirmek üçin gurlan binany, sport we çagalar üçin meýdançalary synlap, hormatly Arkadagymyz abadanlaşdyryş işleriniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi hem-de olary enjamlaşdyrmak babatda belliklerini aýdyp, bu ugurda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş jaýynyň bir öýüne baryp gördi hem-de onuň otaglarynyň ýerleşdirilişi, giňligi, üçekleriniň beýikligi bilen tanyşdy. Gurluşyk işleri halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň we abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetirildi. Biz bu işleri dowam etdirmegi meýilleşdirýäris diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri ýene bir gezek Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.