UEFA ispan kluby “Real Madridiň” käbir futbolçylary barada iş gozgady. UEFA Çempionlar Ligasynyň çäginde oýnalan “Real Madrid” – “Atletiko Madrid” duşuşygynyň jogap oýnunda penaltileriň netijesinde ýeňiş gazanan really futbolçylar oýundan soň begençli pursatlaryny başdan geçiripdiler. Ýöne käbir futbolçylar, has takygy, Antonio Rüdiger, Kilian Mbappe, Dani Sebalýos hem-de Winisius Junior dagy çendanaşa begenip, garşydaşy kemsidiji, öjükdiriji hereketler, umumylykda gabat gelmeýän hereketler edipdiler. Esasanam Rüdigeriň, şol sanda Mbappeniň eden bitertip hereketlerini köpler ýazgarypdy. UEFA-nyň bu 4 futbolça ýa-da kluba nähili çäre görjekdigi hemmäniň üns merkezinde.