Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan kep­de­ri­le­riň dün­ýä­de 352 gör­nü­şi duş gel­ýär. Kep­de­ri­ler, adat­ça ak ýa-da gök reňk­de bol­ýar­lar. Em­ma bu guş­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri­ne bag­ly­lyk­da dür­li reňk­däki gör­nüş­le­ri hem bar. Şo­la­ryň bi­ri hem gül­gün bo­ýun­ly ýa­şyl kep­de­ri­dir.
Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da duş gel­ýän ýa­şyl kep­de­ri (Tre­ron ver­nans) tä­sin guş­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. In­do­ne­zi­ýa­da we Flip­pin­ler­de «pu­naý» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu kep­de­ri ýa­şyl reňk­li bo­lup, ho­ra­zy­nyň boý­nun­da gül­gün ýe­lek­le­ri bol­ýar.
1771-nji ýyl­da öw­re­ni­lip, köp­çü­li­ge mä­lim edi­len bu kep­de­ri­ler şol wagt «Colum­ba ver­nans» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Soňlugy bilen ady «Tre­ron ver­nans» diýlip üýtgedilýär. «Ver­nans» la­tyn sö­zün­den ter­ji­me edi­len­de «par­lak, öwşün atýan» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Ýa­şyl kep­de­ri­niň bo­ýy 25-30 san­ti­met­re, ag­ra­my 150 gra­ma ýet­ýär. To­par bo­lup ýa­şa­ýan bu guş­lar iý­mit­len­mek üçin her gün bir­nä­çe ki­lo­metr ýol geç­ýär­ler. To­kaý­da we açyk meý­dan­da ýa­şa­ýan bu guş­lar mi­we­dir ösüm­lik to­hum­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Köp ýerde «miweçil kepderi» diýlip tanalýan ýa­şyl kep­de­ri­le­riň esa­sy iý­mi­ti in­jir bo­lup, gy­rym­sy agaç­lar­da hö­würt­ge gur­ýar­lar. Adat­ça kep­de­ri­niň bu gör­nü­şi kö­pel­mek üçin iki ýu­murt­ga goý­ýar we jüý­je­le­ri mä­ki­ýa­ny bi­len ho­ra­zy bi­le­lik­de ek­le­ýär. Ýyl-ýyl­dan sany azal­ýan ýa­şyl kep­de­ri­ler Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşik (IUCN) tarapyndan hasaba alyndy.