«Tripadvisor» syýahatçylyk platformasy dünýäniň iň gowy we meşhur syýahatçylyk nokatlarynyň sanawyny taýýarlady. «Jahankeşdeleriň saýlawy, gowularyň gowusy» (Travelers’ Choice 2025 Best Of The Best) atly sanaw okyjylaryň ses bermegi netijesinde saýlandy. «Tripadvisor» syýahatçylyk pudagyna degişli maglumatlary we täzelikleri yzygiderli taýýarlaýar. Bu sanawda iki aýratyn bölüm bar. Olaryň biri dünýäniň iň gowy syýahatçylyk nokatlary, beýlekisi iň meşhur syýahatçylyk nokatlary diýlip atlandyrylypdyr. Her bölümde 25 ýer bolup, birinji sanawda London öňdeligi eýeleýär. Bali, Dubaý, Sisiliýa we Pariž ilkinji bäşlige giripdir. Meşhur ýerleriň arasynda dünýäniň dürli künjeginden şäherleri görmek bolýar. Osaka, Kuala-Lumpur, Buenos-Aýres, Manama we Lima şäherleri bu sanawyň başyny çekipdir.
Leýli DÖWLETOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.