Germaniýanyň çempionatynda çempionlyk üçin göreşýän 2 klub hem tapgyry deňlikde tamamlady. Soňky çempion “Baýer” öz meýdançasynda “Union Berlin” bilen golsuz deňme-deň oýnady.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda, “Der Klasiker” derbisinde “Bawariýa” bilen “Borussiýa Dortmund” duşuşyp, oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. 48-nji minutda “Baýeriň” goly bilen öňe geçen dortmundlylara ýer eýeleri 4 minutyň dowamynda Gerreýro hem-de Gnabriniň takyk urgulary bilen jogap berdi. Duşuşygyň 75-nji minutynda bolsa Anton hasaby deňledi. “Bundesligada” 4 duşuşykda myhmanlar 2-1 hasabynda üstün çykdy. Myhmançylykda 3 utuk gazanan şol toparlaryň 4-si hem ýeňiş goluny 90-njy minutda we 90-njy minutdan soň geçirdi.

Wolfsbugr – Leipsig: 2-3 (Fişer 58, Skow-Olsen 75 – Openda 11, Simons 26, 48),

Baýer – Union Berlin: 0-0,

Hoffenhaým – Maýns: 2-0 (Kramariç 4, 32),

Borussiýa M – Fraýburg: 1-2 (Günter 14 ö.d. – Osterhage 16, Manzambi 90),

Bohum – Augsburg: 1-2 (Hofmann 60 – Essende 16, Kömür 90),

Holştaýn – Sankt-Pauli: 1-2 (Bernhardsson 21 – Sinani 34, Geşwill 90+2 ö.d.),

Bawariýa – Borussiýa D: 2-2 (Gerreýro 65, Gnabri 69 – Baýer 48, Anton 75),

Ştutgart – Werder: 1-2 (Stergiu 19 – Berk 32, 90),

Aýntraht – Haýdenhaým: 3-0 (Baoýýa 10, Koh 42, Ekitike 71)