Ir bi­len iş ýe­ri­me ge­lip, sto­luň ba­şy­na ge­çip otur­şy­ma öňüm­de du­ran ýyl ýaz­gy­ly se­ne­na­ma gö­züm düş­di. Des­si­ne ha­ky­dam­da ba­ha­ryň buş­luk­çy şa­hy­ry, pa­syl­la­ryň sol­ta­ny bo­lan ba­ha­ryň il­kin­ji gü­nün­de dog­lan aja­ýyp türk­men şa­hy­ry Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň keş­bi jan­lan­dy. Öz gys­ga öm­rün­de XX asyr türk­men ede­bi­ýa­tyn­da uly yz go­ýan şa­hyr Gur­ban­na­zar Ezi­zow ara­myz­da ge­zip ýö­ren­li­gin­de şu gün, ba­ha­ryň il­kin­ji gü­ni 84 ýa­şa­ma­ly­dy. Ol 1940-njy ýy­lyň 1-nji mar­tyn­da dün­ýä inip, 35 ýyl­dan soň – 1975-nji ýy­lyň güý­zün­de bol­sa ara­myz­dan git­di. Şeý­le gys­ga ömür men­zi­lin­de hä­zir­ki za­man türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy we­kil­le­ri­niň ara­syn­da öz my­na­syp or­nu­ny ta­pan şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy ba­ra­da dö­wür­deş­le­ri, pi­kir­deş­le­ri, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar, ede­bi­ýat­çy­lar, žur­na­list­ler ta­ra­pyn­dan köp zat­lar ýa­zyl­dy. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi eg­sil­mez, köp­gy­raň­ly dün­ýä bol­ma­gyn­da gal­ýar. Şa­hy­ryň gaý­ta­lan­ma­jak öz­bo­luş­ly şyg­ry­ýe­ti hä­zi­rem bi­ziň ara­myz­da şyg­ry­ýet äle­min­de be­ýik sa­ýa­ly çy­nar bo­lup ýa­şa­ýar. Ba­ry-ýo­gy 35 ýy­la ba­sa­lyk­ly öm­rün­de özü­ni uly şa­hyr hök­mün­de ta­na­dyp, oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň ýü­re­gin­de mü­di­mi­lik orun al­ma­gy ba­şa­ran Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň dö­re­di­ji­li­gi hä­zir­ki gün­ler­de-de şy­gyr hem şa­hyr ha­kyn­da gür­rüň goz­gal­sa, köp­lenç nus­ga hök­mün­de my­sal ge­ti­ril­ýär. Şa­hy­ryň şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da, çuň­ňur pi­kir-pel­se­pä ýug­ru­lan go­ja ki­şi bi­len söh­bet­deş bo­lan ýa­ly duý­gy­ny baş­dan ge­çir­ýär­siň. Onuň goş­gu­la­ryn­da­ky pi­kir­le­riň bol­lu­gy, çuň­lu­gy we şo­nuň bi­len bir­lik­de-de çe­per be­ýan edil­ýän­di­gi ba­da-bat ün­sü­ňi özü­ne çek­ýär. Şa­hyr öz eser­le­ri bi­len dün­ýä­de bo­lup geç­ýän äh­li zat­lar­dan di­ňe go­wy ma­ny çy­kar­ma­gy ün­de­ýär. Şa­hy­ryň:
Oňar­saň bar za­dy oňat­ly­ga ýor,
Bel­ki-de, ýor­gu­dyň ýe­ri­ne dü­şer.
Iki­baş­dan gün­do­gar­dan Gün do­gar,
Iki­baş­dan gün­ba­tar­da Gün ýa­şar –
di­ýen bent bi­len baş­lan­ýan goş­gu­sy hem mu­ňa aý­dyň my­sal­dyr.

Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Nury Halmämmedow.

«Ýa­zyň hem güý­züň şa­hy­ry» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Gur­ban­na­zar Ezi­zow ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da ýa­şap ge­çen söz sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň iň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň bi­ri­dir. Özü­niň örän gys­ga öm­rün­de hal­ky­na, özü­ne muş­dak oky­jy­la­ry­na hiç ha­çan kö­nel­me­jek, möh­le­ti-möw­ri­ti geç­me­jek şy­gyr­lar­dan gym­mat­ly ser­paý ýa­pan şa­hy­ryň ter­ji­me­ha­ly gys­ga bol­sa-da ede­bi dö­re­di­ji­lik ýo­ly, dün­ýä­si we­lin, ýyl­lar geç­di­gi­çe ma­ny-maz­mun taý­dan çuň­la­şyp, akyl-paý­has aka­ba­sy bar­ha gi­ňe­lip, ro­waç­la­nyp gi­dip otyr. Söz­le­riň ja­dy­ly hün­jü­si bi­len şyg­ry­ýet şa­ly­gyn­da öç­me­jek yz gal­dy­ran G.Ezi­zow özün­den soň­ky ne­sil­le­re gym­ma­ty eg­sil­me­jek ha­zy­na­ny mi­ras gal­dyr­dy. Şa­hy­ra okyjylarynyň kö­pü­si­niň ýa­zyň şa­hy­ry diý­me­gi, onuň ba­ha­ryň il­kin­ji gü­nün­de dog­lan­ly­gy bi­len hem bag­ly bol­ma­gyn­da gal­ýar. Biz her ýy­lyň şu gü­nün­de – da­ragt­lar pyn­tyk ýa­ryp, nä­zik gül­le­riň kö­ňül joş­dur­ýan ba­ha­ry­nyň il­kin­ji gü­ni türk­men ede­bi­ýa­tyn­da öz ýo­lu­ny ta­pan şa­hy­ry­myz Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wy ýat­la­ýa­rys. Şa­hy­ryň bel­leý­şi ýa­ly, ba­har – ýa­şa­ýyş, öm­rüň do­wa­my. Su­rat­keş­ler ýa­şaý­şy su­rat­lan­dyr­jak bolanlarynda ýa­şyl reň­ki ulan­ýar­lar. Şa­hyr­lar ýaş­ly­gy, gö­zel­li­gi, söý­gi­ni hem şat­ly­gy be­ýan eden­le­rin­de pi­kir duý­gu­la­ry­ny ýaz bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Go­wy, bagt­ly ýa­şaý­şy bol­sa ba­har­da açy­lan gü­le meň­zed­ýär­ler. Ha­wa, ba­ha­ryň gel­me­gi tebi­ga­tyň oýanmagy däl, ol il-gün üçin, Wa­tan üçin şat­lyk, toý, aja­ýyp za­ma­na­nyň gö­zel keş­bi. Ýa­zyň, güý­züň şa­hy­ry ha­sap­lanyl­ýan Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň dö­re­di­ji­li­gin­de şeý­le se­tir­ler bar:
Ba­har­da gül ýag­dy, gyş­da ga­ry­myz.
Güýz­de gus­sa bat­dyk dur­na ge­çen­de.
Bi­ziň tä­leý­ler­miz, yk­bal­la­ry­myz
Aý­la­nyp dur dört pa­sy­lyň için­de.
Adam dur­mu­şy dört pas­lyň no­bat­ma-no­bat aý­la­nyp dur­ma­gy bi­len do­wam ed­ýär. Ýö­ne yk­ba­lyň, öm­rüň ýaş­ly­gy, bagt­ly pursat­la­ry ýaz bi­len, ba­har­da açyl­ýan gül bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Şa­hyr ýa­zyň keş­bi­ni te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi hem-de adam­la­ryň bagtly dur­mu­şy bi­len bag­la­nyş­dy­ryp­dyr. Şa­hyr ba­har pas­ly­na ba­gyş­lap:
Ba­har meý­li­sin­de çyk­saň seý­ra­na,
Türk­men säh­ra­sy­nyň al­dyr gül­le­ri.
Ba­şyn sy­pap se­ni go­ýar haý­ra­na,
Be­lent dag­la­ryn­dan öw­sen ýel­le­ri –
di­ýip hak aý­dyp­dyr. Şa­hy­ryň şy­gyr­la­ry­nyň için­den te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi, säh­ra­lyk­lar, gül-gü­lä­lek­ler eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär, şy­gyr­la­ry­na ba­har ýa­ly tä­miz­lik ça­ýy­lan. Şo­nuň üçin hem her ýy­lyň 1-nji mar­tyn­da şa­hyr Gur­ban­na­zar Ezi­zow ýat­lan­ýar. Her ýyl 1-nji mart­da te­le­ýaý­lym ar­ka­ly şa­hy­ryň maş­ga­la­ agzalary bi­len du­şu­şyk gu­ral­ýar, her ýy­lyň şu gü­nün­de şa­hyr ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­le­re şa­ýat bol­ýa­rys. Şy­gyr­la­ry­ny diň­le­di­giň­çe diň­lä­siň, oka­dy­gyň­ça oka­syň gel­ýän şa­hy­ry­myz ýa­zan se­tir­le­ri­niň sy­pa­ýy­dan üýt­ge­şik­di­gi bi­len aňy­myz­da gal­dy. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ba­ha­ry­na-da ga­dam bas­dyk. Goý, bu ba­har-ýa­zy­myz hem rys­gal-be­re­ke­de bes­len­sin, Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty art­syn. Dün­ýä gö­zel­lik bo­lup dolýan ba­har gül­le­re bes­len­ýän keş­bi bi­len her bir yn­sa­nyň kal­by­nyň tö­rün­de orun al­syn.

Hurmagül Annagurbanowa,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň tälimçi-mugallymy.