5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň ýurdumyz bilen dürli ugurlary öz içine alýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara düzüm bilen gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary okgunly häsiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň 4-nji martda Aşgabatda bolan duşuşygynyň bu ulgamda netijeli dialogy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şol duşuşykda ekologiýa ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty geçirildi. Bu giň gerimli forumda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzda bu guramanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda köptaraply hyzmatdaşlygy alyp barmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy tassyklanyldy. Energetika hem geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, olary üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň anyk ugurlar boýunça bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid ýurdumyz bilen ÝHHG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
***
4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Çärede Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň hem-de şeýle görnüşdäki dialogyň dowam etdirilmeginiň sebitde durnukly ösüşi, abadançylygy gazanmaga, daşky gurşawy goramagyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge, geljek nesiller üçin umumy tebigy mirasy gorap saklamaga ýardam berjekdigi nygtaldy.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşygy boldy.