Şu gün welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda welaýatymyzyň ak sakgally ýaşulularynyň ak patasy bilen oba hojalygynda jogapkärli möwsüme badalga berildi. Diýarymyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu gowaça ekişi möwsüme 27-nji martda başladylar.
Ir säher bilen welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk aýdyň Piriň gadamy düşen topragy “Aşyk aýdyň” daýhan birleşiginiň ekin meýdany özboluşly baýramçylyk lybasyna beslendi. Bu ýerde ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleri, gaýtadan işleýän senagatyň önümleri barada giňişleýin maglumat berýän sergiler ýaýbaňlandyryldy. Welaýatymyzyň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçiler üçin özboluşly döredijilik sowgadyna öwrüldi. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. “Pähim Paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirip, göwnejaý gögeriş almak meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwrebap özgertmeleri geçirmek we pudagy toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalygyny ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak arkaly bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de halkymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň hem-de önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, daýhanlarymyza öndürijilikli zähmet çekmäge we bereketli türkmen topragyndan bol hasyl almaga döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji täze ýyly garşy alýan pursatymyzda özüniň halkymyza täze ýyl gutlagynda oba hojalyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyryp, daýhanlarymyzyň mähir siňdirip ýetişdirýän bugdaý hem pagtanyň, şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljekde daýhanlarymyzy ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak meselesine serediljekdigini nygtap geçipdi. Bu günki günde bolsa şol özgertmeler amal edildi. Bu özgertmeler bolsa edermen oba hojalykçylarymyzy zähmet üstünliklerine has-da ruhlandyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça aýdyň wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrligini döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeden üýtgedip gurmak, bu ministrlikden bölünip aýrylmagy arkaly degişli düzümleri döretmek, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak bilen bagly halk bähbitli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň bu ulgama berýän hemişelik ünsi hem-de hemaýat-goldawy bilen, şu ýyl oba hojalyk tehnikalarynyň sany has-da artdy. Netijede, möwsüm döwründe sürüm traktorlarynyň 570-e golaýy, 2200-den gowrak bejergi traktory, 500-e golaý ekijiler hem-de 19 müňden gowrak oba hojalyk iş gurallary netijeli işlediler.
Pagtaçylyk pudagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan
önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Bu pudakda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi esasynda obasenagat toplumynyň netijeliligi ýokarlanýar.
Welaýat oba hojalyk birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryndaky kuwwatly tehnikalaryň güýji bilen gyşky meýdan işleri öz wagtynda amal edildi, ekiş geçiriljek ýerler kada laýyk sürüldi hem-de endigan tekizlendi. Şeýle agrotehniki çäreleriň geçirilmegi ekinleriň kadaly gögermeginiň we hasyllylygyň esasy şertleriniň biri hasaplanýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselesi hem doly çözüldi. Welaýatyň umumy uzynlygy 15 müň kilometre barabar bolan akabalary, hojalygara hem içerki ýaplary bol akýan mele suwdan doldy. Şu ýyl suwdan tygşytly peýdalanmak, hususan-da, suwaryşyň dürli, şol sanda damjalaýyn usullaryny ulanmak babatda degişli işler alnyp baryldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýuwuş suwuny tutmak işleriniň depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýokary hilli tohum ýerden bereketli hasyl almagyň esasy şertleriniň biridir. Şu ýyl welaýatda gowaça tohumynyň ençeme ýyllaryň synagyndan geçen, sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan “149F”, “F4727”, “Daşoguz 127”, “Serdar” görnüşlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda pagta arassalaýjy kärhanalarda şu ýylyň hasyly üçin gowaça tohumynyň 26 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, pudak ösüşiň täze derejesine çykdy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleri hemde hyzmat edýän pudaklar tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, döwrebaplaşdyrylýar, täze özleşdirilýän ýerler üçin suw hojalyk desgalary gurulýar, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak, howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi ýaz ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegine hem-de göwnejaý hasylyň ýetişdirilmegine mümkinçilik döredýär.
Oba hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp düzümi bolup durýar. Ilatyň ýarysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar we işçi güýjüniň 40% gowragy oba hojalygyna sarp edilýär. Gahryman Arkadagymyz döwlet başyna gelen ilkinji günlerinden ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda netijeli ulanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini has-da ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Welaýatymyzda oba hojalygyny tutuşlaýyn dolandyrmagyň döredilen çeýe we netijeli ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda 2010-njy ýylyň 13-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda täze bilim ojagynyň, ylym merkeziň ýagny Türkmen oba hojalyk institutynyň açylmagyna möhüm orun degişli bolup durýar.
Täze döredilen ýokary okuw mekdebiniň öňünde tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagyny, şol sanda obasenagat toplumyny, oba hojalyk önümçiligini intensiw ösdürmek, gaýragoýulmasyz durmuş meseleleri çözülende obasenagat toplumynyň paýyny artdyrmak arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ýokary dereje ösdürmeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly döwrüň öňe sürýän derwaýys wezipeleri goýuldy we bu wezipeler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär.
Parahatgylyç Aşyrgylyjow, Daýhanbank Döwlet täjirçilik bankynyň Ruhubelent etrap şahamçasynyň Oba hojalyk önümçiligini karzlaşdyrmak bölüminiň başlygy, KA-nyň işjeň agzasy.