26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi. «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar. 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edilipdi. «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy – gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-a agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri ýurdumyza geldiler.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada doganlyk ýurtlaryň her biri amaly-haşam sungatynyň, halk senetçiliginiň dürli görnüşlerini, hojalyk önümlerini we geçmişden galan beýleki gymmatlyklary görkezdi. Şeýle hem suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra giň gerimli baýramçylyk konserti guraldy. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Sahnada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp çykyşlaryň esasyny medeniýetleriň dialogy, halklaryň dostlugy baradaky garaýyşlar düzdi.
«Nowruz ýaýlasynda» guralan medeni çäre çuňňur taryhy kökleri we umumy däpleri bolan halklaryň medeniýetini baýlaşdyrýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ymtylmalaryň aýdyň nyşany boldy.
Gadymy Änew medeniýeti – adamzadyň gymmatly mirasy
27-nji martda Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew depeleri adamzat ýaşaýşynyň birnäçe gatlaklaryndan ybaratdyr. Olaryň her biri döwrüniň täsin aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Änewiň ak bugdaýyň gadymy watanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň galyndylarynyň ýüze çykarylmagy haýran galdyryjy waka boldy. Bu açyş Merkezi Aziýanyň däneli ekinleriň ösdürilip ýetişdirilen dünýädäki ilkinji sebitleriniň biri bolandygyny öňe sürmäge şert döretdi. Şeýlelikde, Änew medeniýetiniň oturymly ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty – gadymy ata-babalarymyz adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri bolupdyr. Alymlaryň pikirine görä, Änew topragynyň her bir künjegi özünde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary saklaýan hazynalar mesgenidir. Bu gymmatlyklar geljekde taryhyň henize çenli açylmadyk syrlaryny dünýä äşgär edip biler.
Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri
27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Syýahatçylyk beýleki pudaklaryň köpüsi ýaly, diňe bir parahatçylykdan hem-de durnuklylykdan peýdalanman, eýsem, medeni aýratynlygy, mirasy gorap saklaýar we ösdürýär. Syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmek we köpdürlüligini artdyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, täsirli maglumat-mahabat çärelerini alyp barmak, netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň möhüm wezipeleridir. Şeýle hem Türkmenistanyň täsin tebigy künjeklerini we gözel ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek, myhmanhana, dynç alyş infrastrukturasyny ösdürmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Forumda çykyş edenler bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemläp, häzirki wagtda bu ulgamyň ösmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutup, döwletimiziň daşary ýurtlarda syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem syýahatçylyk önümleriniň ähli görnüşini öz içine aljak «Bir syýahatçylyk – tutuş sebit» atly bilelikdäki maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy. Forumyň çäklerinde iş duşuşyklary geçirildi we degişli resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklar ýola goýlup, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi
28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat forumy geçirildi. Oňa dünýäniň iri maglumat platformalarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Forum dört bölümi öz içine alýar: «Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Sanly media we habarlar», «Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar».
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksat edinilýän forumda daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleriniň, belli elektron neşirleriniň, tele-radio kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri öz çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde hem-de halkara maglumatlar giňişliginde günsaýyn ýokarlanýan möhüm orny barada garaýyşlaryny beýan etdiler.