2035-nji ýyla çenli Hytaýyň ykdysadyýeti ösüp, ABŞ-dan öňe geçer. Bu barada Hytaýyň Halk uniwersitetiniň ýanyndaky Çunýan maliýe barlaglary institutynyň nutugynda aýdylýar. Munuň üçin HHR-iň jemi içerki önüminiň ösüşiniň ýyllyk depginini 5 göterim derejede birnäçe ýyl saklamagy ýa-da 2035-nji ýylda 4 göterimden ýokary saklamagy gerek diýlip, nutukda bellenilýär.
Hindistanyň, Kanadanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we ABŞ-nyň alymlar topary tarapyndan geçirilen bu barlaglarda Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň ABŞ-nyň ykdysadyýetinden öňe geçýändigi görkezilýär. Şunuň bilen birlikde ýuan halkara giňişliginde pugtalanýar, onuň halkara pul derejesi ýokarlanýar.
“Ösýän ýurtlar geljekde ählumumy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolar, olaryň çalt ösmegi bolsa, öňdäki onýyllykda dünýäniň jemi içerki önüminiň iki esse artmagyna sebäp bolar” diýlip, “Hytaýyň çylşyrymly göterimleri: Hytaýyň ýokary derejeli ösüşi we 2035-nji ýyl üçin çaklama” atly nutukda bellenilýär.
2023-nji ýylda Hytaýyň jemi içerki önümi 5,2 göterim ösdi we 126 trillion iýene (17,7 trillion dollar) deň boldy, şol bir wagtda ABŞ-nyň jemi içerki önümi 2,5 göterim köpelip, 26,39 trillion dollardan ybarat boldy.