Manaşa uniwersitetiniň (Awstraliýa) alymlary Ýeriň iň arassa howasynyň Antarktidanyň kenarlaryny ýuwýan Günorta ummanyň üstündäki atmosferadygyny ýüze çykardylar. Bu barada “Сlimate and Atmospheric Science” žurnalynda çap edilen barlaglarda bellenilýär.
Alymlar hemra arkaly alnan atmosfera barlaglaryny doly seljerenlerinden soň, bu sebitiň howasynyň arassa bolmagynyň sebäbini, esasan, bu ýerde adam işjeňliginiň bolmazlygy, atmosferadaky zyýanly gazlary özüne siňdirýän fitoplanktonyň işjeňligi, aerozol bölejiklerini howadan ýuwup aýyrýan güýçli ýagyşlaryň we garyň ýagmagy ýaly üç ýagdaý bilen baglanyşyklydygyny bellediler.
Günorta ummany Ýeriň iň bulutly sebitidir. Antarktidanyň üstündäki bulutlar özboluşly öýjükli gurluşa eýe bolup, şeýle öýjükleriň her biri adaty bulutlara garanyňda, alty esse köp ýagyş öndürmäge ukyplydyr.
Alymlaryň aýtmagyna görä, bu açyş ýagyşyň tozany we beýleki hapalaýjy maddalary howadan nädip aýryp biljekdigine has gowy düşünmäge kömek eder.