Magtymguly Pyragy türkmeniň milli şahyrydyr. Beýik akyldar türkmen halkynyň milli ruhunyň kuwwatly sütünidir. Halk köpçüliginiň jümmüşinden önüp-ösen Magtymguly halkyň isleg-arzuwlaryny, begenjini, gynanjyny – bütin durmuşyny halk dilinde döreden ölmez-ýitmez goşgularynda şöhlelendirip, olary halka bagyşlady. Şonuň üçin şahyryň şygyrlary halkyň aňynda orun alyp, halkyň söýgüsine mynasyp boldy. Şahyryň paýhasyndan dörän döredijilik ummany halka ruhy lezzet berýär. Beýik şahyryň şygyrlar dünýäsine aralaşdygyňça, şol döwrüň syýasy gatnaşyklaryna, beýleki halklaryň durmuş derejelerine we jemgyýetiň ösüş kanunalaýyklyklaryna göz ýetirýärsiň.
Taryhy maglumatlara görä, Magtymguly Pyragy jahankeşde, syýahatçy adam bolupdyr. Orta Aziýa, Ýakyn Gündogara, Owganystana, Eýrana, Hindistana syýahat eden şahyryň bu ýurtlardaky syýahaty barada halk arasyndaky rowaýatlar we öz goşgularyndaky maglumatlar tassyklaýar. Syýahatlar şahyryň döredijiligini çuňlaşdyryp, dünýägaraýşyny örän giňeldipdir. Akyldar şahyr elmydama gözlegde, syýahat etmegiň arzuwynda bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Akyldar şahyryň bu süýji arzuwlaryny «Uça bilmen neýläýin» diýen goşgusyndaky şu setirlerde-de görmek bolýar.
Köňlüm istär, gezsem dünýä-älemi,
Ganatym ýok, uça bilmen neýläýin!
Okyr men, görer men barça kelamy,
Manysyny saça bilmen neýläýin!
Magtymguly köp ülkeleri gezipdir. Akyldar şahyr syýahatçylykda dünýä akyl ýetirmegiň ugrunda bolupdyr. Pyragynyň syýahatlary şahyryň döredijiliginiň köp öwüşgünliliginiň syrlaryny düşündirýär. Şahyryň jahankeşdelik höwesiniň güýçlüdigini «Bady-sabany görsem» atly goşgusynda-da duýmak bolýar.
Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýalar ummany –
Ol Rumystany görsem.
Akyldar şahyrymyzyň döredijiliginde Hindistan we hindi halky barada köp agzalýar. Şahyryň «Hindistanda hyýalym» goşgusynda:
Göwün ýola rowandyr –
Hindistanda hyýalym.
diýip, Hindistana hyýallanýandygyny aýdýan bolsa, «Nurana düşmez» diýen goşgusyndaky bu setirde «Gözüm görmüş Hindistan» diýip, Hindistanda bolandygyny ýazýar. Maglumatlara görä, Magtymguly Hindistanda bir ýyl üç aý bolupdyr. Söz ussadynyň ägirdi Hindistanyň dürli ýerlerinde bolup, hindileriň gadymy medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen tanyş bolupdyr. Umman ýaly döredijiliginde Hindistanyň gözel tebigatynyň waspyny ýetirýän şahyr özüniň «Ýaryň ýagşysyn» diýen goşgusynda «Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn» diýen setirleri bilen hindi topragyny taryplaýar. Beýik söz ussady «Jan içinde» atly goşgusynda bolsa hindileriň guş-gumrularyny häsiýetlendirýär.
Durna aýdar: uçar men,
Bagdat suwun içer men,
Gyş Hindistan göçer men,
Läle zaran içinde.
Ýa-da:
Gumrular owaz bilen
Tawus işi näz bilen,
Kaknus guş müň saz bilen
Şol Hindistan içinde.
Şahyryň Hindistanda bolmagy onuň şygyr mirasynda uly yz galdyrypdyr. Şahyr öz eserlerinde hindi halkyny ýatlamak bilen çäklenmän, hindi durmuşyny-da teswirleýär. Muňa şahyryň «Ýeldim tut» atly goşgusyndaky şu setirleri arkaly göz ýetirmek bolýar.
Mätäçligiň hakdan özge bilmese,
Ol rozygär, besdir, açdan ölmese.
Hindi kimin egin örtgiň bolmasa,
Patyşalyk püşeş çigne saldym tut.
Söz ussadynyň ägirdi «Ýaşlar içinde» atly goşgusynda hindi halkynyň durmuşynda piliň ornunyň uludygyny we hindilerde pilden aýra düşmekligiň erbet zatdygyny belleýär.
Tokaýlar bir zaman peleňsiz bolmaz
Hindi jandan öter, pilinden galmaz.
Şahyr özüniň diňe bir durmuşy goşgularynda däl, eýsem, söýgi temasyndan düzen nepis goşgularynda-da Hindistany ýatdan çykarmaýar. Munuň şeýledigini şahyryň «Gözel sen» diýen goşgusynda görmek bolýar.
Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen,
Hindistanda – şeker, Bulgarda – bal sen.
Yşk bilen açylan bir täze gül sen
Ýusup-Züleýhanyň taýy, gözel sen.
Nusgawy türkmen edebiýatynyň düýbüni tutan akyldar şahyryň goşgularynda beýleki halklaryň aýratynlyklaryna, gözelliklerine uly orun berilýär. Pyragynyň paýhasyndan dörän döredijilik ummanynda hindi halkyna aýratyn orun degişlidir. Ýeri gelende bellesek, hindi halky hem türkmeniň ruhy atasy Magtymguly Pyraga uly hormat goýupdyr.
Halka hyzmat edip, bar ukybyny, güýjüni, döredijiligini halk üçin sarp eden ynsan halkyň aňynda hemişelik ýaşaýar. Halk öz wepaly ogluna çuň hormat goýýar, egsilmez söýgi bilen besleýär.
Türkmeniň beýik şahyry, filosofy Magtymgulynyň sarpasy diňe biziň halkymyzda däl, beýleki halklarda-da diýseň belent. Çünki hakyky dana şahyr hemişe halklar üçin özüniň belentligini saklap bilýär. Bu aýdylan zatlaryň hemmesi halkyň öz mähriban ogluna – akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bolan çäksiz söýgüsini aňladýar.
Ogulşeker Atabalowa,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.