Her bir ýurduň paýtagty şol döwletiň ýüzüdir. Sebäbi paýtagt ýurduň ykdysady we medeni ösüşlerini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini şöhlelendirýär. Garaşsyz hem-de Bitarap döwletimiziň paýtagty ak şäherimiz Aşgabadyň düýbüniň tutulanyna şu ýyl 143 ýyl bolýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda Aşgabat her dürli ösüşleri başdan geçirdi. Döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen paýtagtymyzyň keşbi has-da özgerdi. Täze binalaryň gurulmagy Aşgabadyň keşbini has-da gözelleşdirdi. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gurulýan binalar diňe gözelligi bilen däl-de, eýsem, özüniň başga ýerlerde gaýtalanmazlygy bilen täsin arhitektura ansamblyny emele getirdi. Ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň merjen şäherine öwrüldi.
Olaryň käbiri dünýäniň täsinliklerini hasaba alýan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Mysal üçin: 2003-nji ýylda “Altyn asyr” halysy dünýäde elde dokalan iň äpet haly hökmünde (301 m2) rekordlar kitabynda orun aldy.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada gurlan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütüni “Dünýäniň iň beýik flagştogy” diýlip yglan edildi. Agramy 420 kg, ini 52,5 metre we boýy 35 metre barabar ýaşyl tugumyz 133 metr belentlikde parlaýar.
2010-njy ýylyň awgustynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabadyň Howa menziline barýan şaýoluň çatrygynda dabaraly ýagdaýda açylan Oguzhanyň we ogullarynyň heýkelleri oturdyrylan suw çüwdürimler toplumy “Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimleri özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher” hökmünde goşuldy.
2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanmaga ulanmaga berlen, beýikligi 211 metre barabar bolan telewizion minara – “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi” dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy” diýen at bilen dünýä rekordlarynyň sanawyna goşuldy.
2012 nji ýylyň 18-nji maýynda ulanmaga berlen “Älem” medeni-dynç alyş merkezi “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizildi. Bu binanyň umumy beýikligi 95 metre deň bolup, ol ýapyk görnüşli synlamak üçin niýetlenen daşky aýlawy 57 metre ýetýän häzirki güne çenli dünýäde iň uly hiňňildikdir.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäher “Ginnesiň rekordlar kitabyna” dünýädäki iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde girizildi.
2015-nji ýylyň noýabrynda Mary şäherindäki “Ak öý” binasynda 4 müňden gowrak adamyň aýtmagynda Gahryman Milli Liderimiziň “Öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan” diýen aýdymy ýerine ýetirildi. Bu ýaňlanan aýdym ony ýerine ýetirenleriň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy.
2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Häzirki zaman howa menzili sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň binagärlik aýratynlygy üçin Aşgabadyň Halkara howa menzili “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girdi.
2017-nji ýylyň awgustynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
2017-nji ýylyň awgustynda Olimpiýa şäherçesiniň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriň ýokary taraplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekopdlar kitabyna girizildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport desgalary döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşman, eýsem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň elýeterli we ýokary hilli bolmagyna şert döredýär. Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek göz öňüne tutulýar.
Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanyna, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň we onuň döredijiligiň, rowaçlygynyň belentliklerine tarap ynamly ädimleriniň beýanyna öwrülmelidir” diýip aýdýar. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenip geçilýär. Şol gün “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergisi guralýar. Sergi gözel paýtagtymyzyň şähergurluşygy boýunça gazananlaryny açyp görkezmäge we ony mundan beýläk ösdürmäge mümkinçilikler döredýär.
Aşgabat – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýüregi hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ştab-kwartirasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýerleşýän ýeri. Aşgabat ylalaşdyryjy merkez.
Aşgabat –agzybirligiň, parahatçylygyň, jebisligiň, mähribanlygyň, söýgüniň, dost-doganlygyň, bagtyň mekany. Ak bagtyň şäheri –ajaýyp Aşgabat gözümiziň alnynda ösýär, özgerýär, gün-günden has-da owadan keşbe girýär. Goý bu ajaýyplyklar nesilden-nesle aşyp, dünýäni hemişe haýran etsin!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Aýjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.