Dünýä ýurtlarynyň hersiniň özüne mahsus tebigy gurşawy we howa guşaklygy bar. Käbir ýurtda birnäçe howa guşaklygy (ekwatorial, subekwatorial, tropik, subtropik, aram, arktika, subarktika) bar bolsa, käbiri şol bir howa guşaklygynda ýerleşýär. Ýurtlary howa şertine görä, sowuk, yssy, gurak, ýagynly, ýelli ýurtlar ýaly toparlara bölmek mümkin. Käbir ýurtda hiç wagt yssy bolmaýan bolsa, käbirinde ýylyň dowamynda ýekeje gezegem gar ýagmaýar. «Yssy ýurtlar» adyny alan Puerto-Riko, Wanuatu, Wirgin adalary, Guam, Müsür ýaly ýurtlarda hiç wagt sowuk bolmaýar. Hatda bu ýurtlaryň ýaşaýjylary sowuk howa diýen düşünjäni ýatdan çykarypdyrlar. Gazetimiziň şu sanynda sizi dünýädäki iň yssy ýurtlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Puerto-Riko. Sowukda ýaşaýan käbir adamlar garsyz ýurtda ýaşamagy arzuw edýärler. Puerto-Riko arzuwlaryň hasyl bolýan yssy ýurtlaryň biri bolup, ýylyň dowamynda ýekeje gezegem gar ýagmaýar. Ekwator çyzygyna ýakynlygy sebäpli, Karib deňzinde ýerleşýän bu ýurda Gün şöhlesi dik düşýär. Puerto-Rikoda iň sowuk aýlar ýanwar-fewral aýlary bolup, howanyň temperaturasy 19-20 derejeden peselmeýär. Puerto-Rikonyň merkezi şäheri San-Huan bolup, El-Morro kenarýaka galasy, San-Huan milli taryhy ýadygärligi, San-Kristobal galasy ýurduň meşhur ýerleri hasaplanýar. Tutýan meýdany 13 müň 791 inedördül kilometre barabar ýurduň 3,5 million töweregi ilaty bar. Syýahatçylyk babatda ösen ýerleriň biri hasaplanýan Puerto-Riko her ýyl 5 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
Wanuatu. Maglumatlara görä, Wanuatunyň taryhynda hiç wagt gar ýagmandyr. 12 müň 189 inedördül kilometr meýdany bolan bu ýurt owadan kenarlary, tropik howasy we işjeň wulkanlary bilen meşhurdyr. Syýahatçylyk babatda ösen ýurtda ekerançylyk esasy orny eýeläp, kakao we et önümlerini eksport etmekde öňdäki orunlarda durýar. Gyşsyz ýurda her ýyl 80 müňden gowrak syýahatçy barýar. Wanuatunyň paýtagt şäheri Port-Wila bolup, Şampan kenary, Müňýyllyk gowagy, Ýasur dagy we Ýasur wulkany ýurduň meşhur ýerleri hasaplanýar.
Wirgin adalary. Tomus paslynyň gelmegi bilen ada ýurdunda howanyň gyzgynlygy 47 derejä çenli ýetýär. Wirgin adalarynyň iň yssy bölegi Keramatly Tomas adasy bolup, bu ýerde howanyň ortaça temperaturasy 30 derejede saklanýar. Karib deňzi bilen Atlantik ummanynyň araçäginde ýerleşýän Wirgin adalarynda hem hiç wagt gar ýagmandyr. Güýz pasly ýurtda howanyň salkynlaýan möwsümi hasaplanyp, temperatura 27 derejeden pese düşmeýär. 346 müň 36 inedördül kilometr meýdany tutýan ada ýurdunyň paýtagty Şarlotta-Amaliýa şäheri bolup, Magens aýlagy, Merjen dünýä ummany seýilgähi we Trank Beý dynç alyş kenary Wirgin adalarynyň meşhur ýerleri hasaplanýar.
Guam. Ekwatora has ýakyn ýerleşeni üçin bu ýurtda howanyň temperaturasy hem has ýokary. Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky bu ýurda hiç wagt gar ýagmandyr. Guamda iň sowuk howa 21 dereje bolup, bu ýagdaý hemmäni geň galdyrýar. Dünýäniň has yssy ýurdy hasaplanýan Guamyň tutýan meýdany 549 inedördül kilometr bolup, paýtagty Hagatna şäheridir. Kiçijik ada ýurduna her ýyl 200 müňden gowrak syýahatçy barýar. Tumon kenary, Çamorro obasy ada ýurdunyň meşhur ýerleri hasaplanýar.
Müsür. Garda düşürilen piramidalaryň suratyny görmedik bolsaňyz gerek. 90 göterimi çöller bilen gurşalan gurak howaly Müsürde tomsuna howanyň gyzgynlygy 50 derejeden pese düşmeýär. Demirgazyk-Gündogar Afrika ýurdunyň paýtagty Kair şäheri bolup, Han al-Halili bazary, Giza piramidalary, Merýemiň mukaddes buthanasy (Asma buthana) we Uly Sfinkis heýkeli ýurduň meşhur ýerleridir.
PDF









