Londondaky Energetika instituty halkara guramasynyň ýyllyk hasabatyna görä, geçen ýyl atmosfera kömürturşy gazynyň global zyňyndylary rekord derejä ýetip, 40 milliard tonnadan geçipdir. Hünärmenler muny gazylyp alynýan ýangyjyň sarp edilişiniň ýokary möçberleri bilen baglanyşdyrýarlar.
Ekologik däl energiýa çeşmelerine bolan isleg, täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň meşhurlygyna garamazdan, ösmegini dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylda uglewodorodyň sarp edilişi 505 eksajoula ýetdi. Kömür sarp edilişiniň ösüşi 1,6 göterim, nebit 2 göterim boldy. Soňky hasaplamalara görä, adamzat günde 100 million barrel gara altyn sarp edýär.
Şeýle hem neşir Hindistanda gazylyp alynýan energiýanyň sarp edilişini 8 göterim ýokarlandyryp, umumy energiýa sarp edilişiniň 89 göterimine ýetendigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde Hindistan Demirgazyk Amerika bilen Ýewropany bilelikde alanyňda hem has köp kömür sarp edýär. Ýewropanyň özünde uglewodorodlaryň sarp edilişiniň paýy 70 göterimden aşak düşdi. Senagat rewolýusiýasynyň başyndan bäri bu ýerde beýle ýagdaý bolmandy.
9 ýyl ozal, 2015-nji ýylyň dekabrynda Pariž şertnamasyna gol çekildi, oňa laýyklykda, gatnaşyjy ýurtlar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen ýakyn onýyllyklarda CO2 zyňyndylaryny azaltmaga borçly edildi. Şeýle hem, Pariž şertnamasyna gatnaşýan ýurtlar tokaýlary döretmek we CO2-ni özüne siňdirýän beýleki ekoulgamlary dikeltmek boýunça meýilnamalaryny taýýarlaýarlar.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň pikiriçe, dünýä jemgyýetçiligi, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny 43 göterim azaltmaga tagalla etmeli.