Köprüler irki döwürlerden bäri adamlaryň barmaly ýerlerini ýakynlaşdyrmaga, agyr ýükleri geçirmäge hyzmat edipdir. Köprüleriň köpüsi daşdan gurlan bolsa, käbiri agaçdan, asma görnüşli simden gurlupdyr. Geçelgeleriň arasynda tehnologiýa esaslanýan taryhy ähmiýetli görnüşleri hem bar. Şolaryň biri hem Angliýanyň Geýthed we Nýukasl-apon-Taýn şäherlerini birleşdirýän Millenium (müňýyllyk) köprüsidir.
Jahankeşdeleriň ünsüni çekýän Müňýyllyk köprüsi pyýadalar we welosipedçiler üçin niýetlenen bolup, Taýn derýasynyň üstünde bina edilipdir. Ýarym aýlawly iki bölekden ybarat köpriniň bir bölegi ýolagçylara niýetlenen bolup, beýleki aýlawly bölegi deňagramlylygy saklamaga ýardam edýär. Biri-birine tanap bilen berkidilen aýlawlar 40 dereje ýokary-aşak öwrülýän görnüşde bolup, derýada ýüzýän suw ulaglaryň hereketine päsgel bermeýär. Gidrawlik gurluşly köpriniň ýolagçylaryň geçmegine hyzmat edýän bölegi suwdan 5 metr çemesi beýiklikde, beýleki aýlawly bölegi suwdan 50 metr beýiklikde ýerleşýär.
2001-nji ýylda açylan desganyň umumy uzynlygy 126 metr bolup,
2 ýyldan gowrak wagtda gurulýar. Müňýyllyk köprüsi bir ýylyň dowamynda 200 gezek öwrülýär. Köpriniň ýokary galmagy üçin 4 minut ýeterlik. 8 metr giňlikdäki egri köpriniň agramy 850 tonna barabar.
Reňkli çyralar bilen bezelen Millenium köprüsi syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biridir. Köpriniň iki gapdalynda seýilgähler bolup, welosipedli gezelenç hem gurap bolýar. Dünýäniň ilkinji egri köprüsi hasaplanýan Millenium 2002-nji ýylda Stirling baýragy bilen sylaglanýar.