Hal­ky­my­zyň mer­te­be­si­ni ar­şa gö­te­ren akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň gym­ma­ty ýyl-ýyl­dan has-da art­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mä­ge we da­ba­ra­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň at-owa­za­sy dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Çün­ki akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň eser­le­rin­de öňe sü­ren pi­kir­dir ga­ra­ýyş­la­ry, öwüt-ün­dew­le­ri äh­li halk­lar we dö­wür­ler üçin örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz bu ba­ra­da «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da: «Mag­tym­gu­ly – ta­ry­hy kök­ler­den, mil­li däp-des­sur­lar­dan aýa­gy­ňy üz­män, döw­rüň tä­ze­çil­lik­le­ri­ne, be­lent ösüş­le­ri­ne uýup ýa­şa­mak­dyr» di­ýip bel­le­ýär.
Bu ha­ky­ka­ty Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gin­de hem gör­mek bol­ýar. Be­ýik söz us­sa­dy­nyň şy­gyr­la­ry di­ňe türk­men hal­ky­nyň ede­bi­ýa­ty däl-de, eý­sem, tür­ki dil­li ede­bi­ýat üçin hem tä­ze bir ede­bi mek­dep bo­lup dur­ýar. Mu­ny Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň saý­la­nan eser­le­ri­niň dür­li ýyl­lar­da bir­nä­çe tür­ki dil­ler­de, ýa­ňy-ýa­kyn­da bol­sa gyr­gyz di­lin­de ne­şir edil­me­gi hem su­but ed­ýär. Umu­ma­dam­zat şa­hy­ry­na öw­rü­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şah­sy­ýe­ti­ni do­lu­ly­gy­na açyp gör­kez­mek­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly şyg­ry uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň öm­rü­ni we dö­re­di­ji­li­gi­ni iç­gin öw­re­nip, yl­my iş­le­ri çap et­mek, şy­gyr­la­ry­ny da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ter­ji­me et­mekde giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le-de be­ýik söz us­sa­dy­nyň wa­tan­çy­lyk ba­ra­da­ky mil­li pel­se­pe­si­ni ýaş­la­ryň ara­syn­da giň­den wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, do­ku­men­tal hem-de çe­per film­le­ri dö­ret­mek, te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar­da gep­le­şik­le­ri taý­ýar­la­mak, ga­zet-žur­nal­lar­da ma­ka­la­la­ry çap et­mek iş­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýur­du­myz bi­len da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gyň hem ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Göz­ba­şy asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne uza­ýan türk­men-ga­zak dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry hä­zir­ki wagt­da tä­ze maz­mu­na eýe bol­ýar. Ýa­kyn­da – 4-nji iýul­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li sam­mi­ti­ne hem-de akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­ma­gy bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ke­me­gin­de ýe­ne-de bir tä­ze sa­hy­pa açyl­dy.
Şu ýy­lyň maý aýyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da be­ýik türk­men şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň esa­sy çä­re­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­len fo­ru­ma ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ), Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (YHG), Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň (GDA) ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, Hy­ta­ýyň Halk sy­ýa­sy kon­sul­ta­tiw ge­ňe­şi­niň Äh­li­hy­taý ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry ha­nym Şen Ýue­ýue, da­şa­ry ýurt­la­ryň bir­nä­çe­sin­den, şol san­da Azer­baý­jan­dan, Gru­zi­ýa­dan, Er­me­nis­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Hin­dis­tan­dan, Eý­ran­dan, Ka­tar­dan, Hy­taý­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den, Ýa­po­ni­ýa­dan we­ki­li­ýet­ler gat­naş­dy­lar.
Türk­men hal­ky­nyň pa­ra­hat we bagt­ly dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ar­zuw eden be­ýik şa­hyr ne­sil­le­re çuň­ňur paý­ha­sa, aras­sa duý­gu­la­ra ýug­ru­lan aja­ýyp şa­hy­ra­na mi­ra­sy gal­dyr­dy. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­nyň äh­mi­ýe­ti dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di, adam­za­dyň aň-paý­has ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant bol­dy.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi bi­len bag­ly mow­zuk döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da­ky çy­ky­şyn­da hem be­ýan edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, äh­li me­de­ni­ýet­li adam­zat di­ňe bir dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na däl-de, eý­sem, tu­tuş Gün­do­ga­ryň, bü­tin dün­ýä­niň me­de­ni ösü­şi­ne örän uly go­şant go­şan be­ýik yn­san­per­wer şa­hy­ry ýat­la­ýar we oňa hor­mat goý­ýar. Şon­da döwlet Baştutanymyzyň öz çy­ky­şy­ny be­ýik Mag­tym­gu­ly­nyň «Adam­zat» at­ly goş­gu­sy­nyň söz­le­ri bi­len ta­mam­la­ma­gy dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li be­lent­li­gi 60 met­re ýet­ýän ägirt uly heý­ke­liň we da­na şa­hy­ryň ady­ny gö­ter­ýän me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi hem hal­ky­myz üçin ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka bol­dy. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň bu heý­ke­li we «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my hä­zir­ki wagt­da paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hem-de myh­man­la­ry­nyň iň köp ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.

Röw­şen GA­RA­ÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.