(Hekaýat)
Meşhur alym Gazaly ýaşlyk ýyllarynda Gürgene gidip, köp ýyllaryň dowamynda ussatlardan tälim alypdyr. Ol öwrenen zatlaryny yzygiderli ýazyp, birnäçe kitap görnüşine getiripdir. Şol golýazmalar onuň uzak ýyllaryň dowamynda öwrenen ylymlarynyň netijesi bolansoň, olary janyndan eý görüpdir.
Gazaly dogduk Diýaryna dolanmaly bolanda, golýazmalaryny mata dolap, horjunyna ýerleşdiripdir. Ol kerwene goşulyp, ýola düşüpdir. Ýöne garakçylaryň uly topary kerweniň ýoluny kesipdir. Olar kerwendäkileriň ähli zadyny diýen ýaly talapdyrlar. Gezek Gazala ýetipdir. Garakçylar onuň goşlaryna ýapyşan batlaryna Gazaly olara ýalbarmaga başlapdyr.
– Şulardan başga näme alsaňyz alyň, ýöne bulary meň özüme goýuň?!
Garakçylar horjunyň içinde örän gymmat zat bardyr öýdüp, nebsewürlik bilen ony açanlarynda bir topar golýazmadan başga zada gözleri ilmändir.
– Ýeri, gardaş, bular näme? – diýip, galtamanbaşy Gazala hyrsyz nazaryny aýlapdyr.
– Olar näme bolanda-da siziň derdiňize ýarajak zatlar däl. Ýöne maňa juda zerur – diýip, Gazaly ýalbarypdyr.
– Bular seň nämäňe derkar?
– Bular meniň birnäçe ýyllyk okuwymyň netijesi. Eger-de bulary menden alsaňyz, meň okan zatlarymyň bary biderek bolar. Köp ýyllyk zähmetim ýele sowrular.
– Bä, geň galaýmaly, hakykatdan-da, seniň bar ylmyň şu kagyzlardamy?
– Hawa.
– Hmm… Ýadyňda galmadyk, ogurlap bolýan ylymdan-a ylym bolmaz, gardaş!.. Sen, ýigit, gowuja pikirlen. Bolýa, degmäň oň zatlaryna – diýip, galtamanbaşy loh-loh gülüpdir.
Bu ýönekeýden, jaýdar aýdylan sözler Gazalynyň ruhy dünýäsini sarsdyrypdyr. Şondan soň ol öz beýnisini, akyl-paýhasyny diňe pikirleniş ukyby bilen terbiýelemäge başlapdyr. Şeýlelikde, ol zehininde ummasyz köp ylym toplap, manysy bilen özleşdiripdir. Gazaly soň-soňlar hem «Meni ugrukdyran iň gowy ündewi bir garakçydan öwrendim» diýip ýatlaýar eken.
Pars dilinden terjime eden Gurbandurdy Hojaýew, Türkmenistanyň ussat mugallymy, Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy.