Tä­sin­lik­ler dün­ýä­si

Uzyn­ly­gy 4 met­re ýet­ýän ýa­pon möý­leň­ňe­ji dün­ýä­dä­ki iň uly leň­ňeç ha­sap­lan­ýar. Ýa­pon halk dö­re­di­ji­li­gin­de hy­ýa­ly jan­dar hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan bu jan­dar­lar Ýa­po­ni­ýa­nyň tö­we­re­gin­dä­ki de­ňiz­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Bu leň­ňeç­le­riň göw­re­si ki­çi­jik bo­lup, be­de­ni­niň esa­sy bö­le­gi­ni 10 sa­ny aýa­gy eme­le ge­tir­ýär. Aýak­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 3 metr­den gow­rak bo­lan ýa­pon möý­leň­ňe­ji­niň ag­ra­my 16 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Ýer şa­ry­nyň iň tä­sin jan­dar­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýa­pon möý­leň­ňe­ji 100 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar.
Ýa­pon möý­leň­ňe­ji­niň aşa uzyn aýak­la­ry we göw­re­si­niň açyk gyz­gylt-mä­mi­şi reňk­de bol­ma­gy gö­re­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu de­ňiz jan­da­ry­nyň uzyn aýak­la­ry howp­ly jan­dar­lar­dan gaç­ma­ga, esa­san hem, su­wuň aşa­gyn­da be­ýik­li-pes­li de­pe­ler­den ýö­re­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ýa­pon möý­leň­ňe­ji 1836-njy ýyl­da gün­ba­tar­ly zoo­log­lar ta­ra­pyn­dan il­kin­ji ge­zek köp­çü­li­ge mä­lim edil­ýär. Yl­my ady «machrochei­ra kaemp­fe­ri» bo­lan uzyn aýak­ly leň­ňeç­ler su­wuň düý­bün­dä­ki ýa­şa­ma­gyny bes eden de­ňiz jan­dar­la­ry we mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýär. Bu leň­ňeç­le­re su­wuň 300 metr çuň­lu­gyn­da duş gel­mek bol­ýar. Kö­pel­ýän möw­sü­min­de bu leň­ňeç­ler de­ňiz ke­na­ryn­da peý­da bol­ýar. Göw­re­si­niň ulu­dy­gy­na ga­ra­maz­dan ýa­pon möý­leň­ňeç­le­ri ejiz de­ňiz jan­da­ry ha­sap­lan­ýar. Bu­la­ryň aýa­gy örän ýum­şak bo­lup, he­re­ket et­me­gi ne­ti­je­sin­de çalt dö­wül­ýär.
2009-njy ýyl­da iň uly ýa­pon möý­leň­ňe­ji tu­tul­dy. Uzyn­ly­gy 3,5 metr­den gow­rak bo­lan bu leň­ňe­jiň ag­ra­my 20 ki­log­ra­ma ýet­ýär. 40 ýyl ýa­şan äpet möý­leň­ňe­je «Crab­zil­la» diý­lip at da­kyl­dy we Ni­der­land­lar­da­ky Şe­we­nin­gen de­ňiz dur­mu­şy mer­ke­zi­ne goý­be­ril­di. Soň­ra Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da­ky «Wal d’Eu­ro­pe» ak­wa­riu­my­na gö­çü­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň uly leň­ňe­ji­ni Pa­riž şä­he­rin­dä­ki ak­wa­ri­um­da syn­lap bol­ýar.