16-njy oktýabrda Giza piramidasynyň golaýynda gurlup ulanmaga berlen Uly Müsür muzeýi (Grand Egyptian Museum) synag hökmünde giň köpçülige hödürlendi. Bu barada muzeýiň resmi web sahypasyna habar berildi. Häzirki wagtda muzeý toplumy resmi taýdan açylmazdan öň, muzeýiň taýýarlygyny synap görmek üçin sergä çäklendirilen giriş hödürlenýär. Bu ýerde esasy galereýa, uly zala, söwda zolagyna we ýanaşyk ýerlerdäki baglara baryp görmek bolýar. Ýöne faraon Tutanhamonyň ajaýyp toplumyna, Hufi piramidasynyň aşagyndan tapylan gün şekilli gaýyklary synlamaga barmak heniz çäklendirilen.
Gurluşygy 20 ýyldan gowrak öň başlanan Giza piramidalarynyň gapdalyndaky Uly Müsür muzeýiniň açylyşy ilkibaşda 2012-nji ýylda meýilleşdirilipdi, ýöne çykdajylaryň aşa köp bolmagy sebäpli açylyş senesi birnäçe gezek yza süýşürildi. Mundan öň, Müsüriň Premýer-ministri Mustafa Madbouly muzeýiň “Müsüriň bütin dünýä sowgady” boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy. Golaýda daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri synag açylyşyndan öň muzeýiň zallary bilen tanyş boldular.
Gadymyýet we syýahatçylyk ministriniň kömekçisi Al-Taýeb Abbasyň sözlerine görä, muzeýde her gün azyndan dört müň adamyň gelmegine garaşylýar. – Biz bu ýere gelýänleriň sanyny ýylda üç milliona ýetirmegi meýilleşdirýäris – diýip, jahankeşdeleriň sanynyň mundan beýläk-de artmagyna umyt bildirdi. Müsüriň resmileri resmi açylyş dabarasyna gatnaşmaga dünýä liderleriniň birnäçesiniň gyzyklanma bildirýändiklerini habar berdiler.
-Resmi açylyş barada aýdylanda bolsa, onuň senesi ýurduň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlener – diýip, bellän Abbas muzeýiň doly açylmaga taýýardygyny aýtdy.
Gizadaky muzeý tutuş bir medeniýetiň taryhyna bagyşlanan dünýäniň iň uly muzeýleriniň biri bolar. Muzeýiň 50 gektar meýdanynda Gadymy Müsür hakda gürrüň berýän 10 müňlerçe eksponat, şol sanda faraon Tutanhamonyň aramgähiniň hazynasyna bagyşlanan aýratyn zal, çagalar muzeýi, abatlaýyş ussahanalary, barlaghanalar, maslahat merkezi, kafeler, garbanyşhanalar we seýilgäh bar. Bu ýere gelip görýänler 1922-nji ýylda ýüze çykarylan Tutanhamonyň aramgähinden tapylan hazynanyň ählisini görüp bilerler. Bu Faraon täze şalygyň XVIII hanadanlygyna degişli bolup, 3 müň ýyl mundan Müsüri dolandyrypdyr.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Afrika yklymynda şunuň ýaly tutuş bir medeniýete bagyşlanan iri muzeýiň açylmagy, Müsüre gelýän syýahatçylaryň sanynyň has-da artmagyna ýardam berer. Bahasy 1 milliard dollara barabar bolan bu muzeý Giza piramidasynyň golaýynda ýerleşýär. Bu muzeýiň taslamasy Irlandiýanyň “Heneghan Peng” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Muzeýiň girelgesiniň öňünde Müsür faraony Ramses ikinjiniň 3 müň 200 ýyl mundan ozal ýasalan 11 metrlik heýkeli goýuldy.