Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda haýwanat dünýäsiniň 120-den gowrak wekili şygryýetiň metafora, deňeşdirme, göni we göçme manyly görnüşlerinde suratlandyrylýar. Olaryň sanawynda ýedi jandar – bedew, köpek, goýun, düýe, şir, böri, ýylan ýaly haýwanlar wasp ediliş ýygylygy, sözleriň ulanyş aýratynlygy babatda ilkinji orny eýeleýär. Şahyryň döredijiligi türkmen bedewleriniň gymmaty we ähmiýeti, olary ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary, tohumçylyk ugurlary, seýisçilik sungaty, at bezegleri we çapyşyklary bilen aýratyn tapawutlanýar.
Setirleri ynsan kalplaryna häkimlik edýän ussadyň şahyrana şygyrlarynyň 100-e golaýynda bedewleriň çeper waspy üç görnüşde, dört dile mahsus-oguz, arap, pars we umumytürki nusgalarda duş gelýär. Olaryň ilkinji tapgyryny atlary rowaýata öwrülen, Gündogar edebiýatynda hem-de folklor mirasynda orun alan meşhur we şöhratly atlaryň mertebesine salgylanylýan, olaryň waspy ýetirilýän goşgular bezeýär. Bu tapgyrda şahyr Düldül, Byrag, Rüstem Zalyň aty we Gündogar halklarynyň tanymal taryhy şahsyýetleriniň bedewleri baradaky edebi keşplere ýigrimi bäşden gowrak eserinde orun beripdir. Bu ugurda şahyryň «Byragyň», «Pelegidir», «Ýar çeker», «Mir olur», «Depe nedir, düz nedir», «Ýar gerekdir», «Zaleti ýigidiň», «Köýmän ýigide», «Gökje kepderi», «Bilbil nalasy», «Haky üçin» ýaly eserlerini çeper suratlandyryş ussatlygy boýunça edebi tejribeleriň iň kämil nusgalary hasaplamak bolar.
Akyldar şahyryň bedewler baradaky eserleriniň ikinji tapgyryny atlaryň tohumçylyk, urug, reňk bilen baglanyşykly goşgular düzýär we olar şahyryň 30-dan gowrak şygyrlarda beýan edilýär. Bu tapgyrda ýaby, ýylky, baýtal, ýorga ýaly atlaryň atlandyrylyş görnüşleri, at çapyşyklaryň kadalary bilen bagly gymmatlyklar şahyryň «Gidip baradyr», «Görgen gözlerim», «Gider», «Ýagydyr-ýagy», «Soňudagy», «Gürgeniň», «Läle getirmiş», «Jan içinde», «Dag saýar», «Ýaraşmaz», «Bili bolmasa» diýen eserlerinde çeperçilik deňeşdirmeleri bilen giňden açyp görkezilýär.
Dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň rowaçlanmagyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň 40-a golaý eseri türkmen bedewlerine bagyşlanylmak bilen olar üçünji tapgyry – bedewleriň saýlantgy toparyny emele getirýär. Bu topary hasyl edýän şygyrlarda türkmen bedewleriniň syrdamlygy, gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy, edermenligi, gaýratlylygy, çydamlylygy we bereket binýadynyň sakasy baradaky milli häsiýetleriň ajaýyp nusgalarynyň jemlenýändigini görmek bolýar. Bu düzüme degişli bolan altyn setirler şahyryň «Ýol alar», «Malyna degmez», «Ne peýda», «Görgen gözlerim», «Habar ber – şeýledir», «Tapmaz sen», «Başy gerekdir», «Bolar sen», «At ýanynda bellidir», «Otur-turuşyn görüň», «Gyş bolar», «Daş döker» atly goşgularynda çeper teswirlenýär.
Akyldar şahyryň «Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar», «At alsaň, gyr algyl, mekrudur akýal», «Bedew bar, pul berseň, bahasy ýetmez», «Taplanmadyk atlar tozanda galar», «Bedew atlar adam mysaly syzýan», «Bedew çapyşda bellidir», «At aýdar: aslym zordur, Özüm hyzmat içinde», «Bedew münüp gezgil perizat bilen», «At salanda doňuz kimin topulyp, Alar ýerden at salyşy gerekdir», «Bedew diýgeç, bolmaz hemme bedew, Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Atda aýak bolsa, başga syn bolmaz», «Ýagşy bedew münen, hub mahbup guçan», «Bir bedewi saýlap alar bolsaňyz, Synasyn, sagrysyn, gerişin görüň!», «Bedew-de bedew bar, alarlar zere, Çyn bedew ýigide uzak ýaş bolar», «Bedewi tanymaz, har bakan-beslän, Aty meýdan tanyr, hümmeti myhman» diýen liriki setirleri ähli döwürler üçin guwandyryjydyr.
Bedewleriň çeper, taryhy, folklor, jemgyýetçilik ugurlarynyň waspnamalary boýunça Magtymguly Pyragy tarapyndan esaslandyrylan edebi mekdebiň däpleri Seýdi, Gaýyby, Kätibi, Mätäji, Zelili, Talyby, Mollanepes, Kemine, Misgingylyç, Zynhary, Magrupy, Abdysetdar kazy ýaly görnükli söz sungatynyň wekilleriniň onlarçasynyň döredijiliginiň köptaraply kämilleşmegine, ösmegine uly badalga beripdir. Setirleri telwas edýän köňülleriň uçar ganatyna meňzedilýän Magtymguly Pyragynyň pikirleri bu günki gün ählumumy abadançylygyň, dostlugyň nyşany bolup dabaralanýar, olar bilen bagly üstünlikler täze taryhy tejribeler, beýik durmuş rowaçlyklary we hakykatyň altyn halkalary bilen utgaşýar.
Botswana döwletiniň Kasane şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänamanyň Arkadag şäherinde gowşurylmagy özünde döwürleriň belent ynamlaryny jemleýär.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.