Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li, ede­bi­ýat meý­da­nyn­da öç­me­jek yz go­ýan akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy söz sun­ga­ty­na, sö­züň gym­ma­ty­na uly sar­pa go­ýan şa­hyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy halk ara­syn­da pa­ra­sat­ly akyl­dar, hal­kyň gö­wün mat­la­by­ny bi­len, du­ýan be­ýik şah­sy­ýet hök­mün­de ta­nal­ýar. Ag­zy­bir­li­gi, sa­byr­ly­ly­gy, mert­li­gi, ru­hu­be­lent­li­gi, wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, ba­tyr­ly­gy ün­de­mek, yn­sa­nyň mer­te­be­si­ni go­ra­mak be­ýik söz us­sa­dy­nyň bü­tin dö­re­di­ji­li­gi­niň ha­myr­ma­ýa­sy bo­lup­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy goş­gu­la­ryn­da türk­men hal­ky­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny wasp edip­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly goş­gu­sy akyl­dar şa­hy­ryň ady­ny ar­şa gö­te­ren eser bol­mak bi­len, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan äh­li ra­ýat­lar üçin nus­ga­lyk mek­de­be öw­rül­di. Şu ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň şol goş­gu­sy­nyň kä­bir se­tir­le­ri­ne ýüz­len­sek ýer­lik­li bo­lar:
Äh­li şy­gyr äle­mi­niň we­pa­ly hyz­mat­kä­ri –
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Mi­ze­mez bi­na­la­ryň peý­ma­ny-yg­ty­ba­ry –
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Kö­pet­da­gyň ete­gin­de da­na Py­ra­gy­nyň ägirt uly ýa­dy­gär­li­gi­niň, me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň bi­na edil­me­gi mil­li Li­de­ri­mi­ziň asyl­ly baş­lan­gy­jy­dyr, döw­let­li iş­le­ri­niň ne­ti­je­si­dir.
Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň we pel­se­pe dün­ýä­si­niň ýe­tiş­di­ren par­lak ýyl­dy­zy, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na öw­rü­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bu gün hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni öz dö­re­di­ji­li­gi­niň da­şyn­da je­bis­leş­dir­ýär. Öz­bo­luş­ly dö­re­di­ji­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan şa­hy­ryň baý ede­bi mi­ra­sy öz ru­hy, hal­ky­ly­gy we yn­san­per­wer tag­ly­mat­la­ry bi­len ede­bi­ýat dün­ýä­sin­dä­ki tä­sin hem gaý­ta­lan­ma­jak ede­bi ha­dy­sa­dyr. Çün­ki şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze bir döw­ri, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da bol­sa yn­san­per­wer­li­ge hem-de ada­lat­ly­ly­ga ça­gy­ry­şyň tä­ze bir döw­rü­ni dö­ret­di.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi ýa­kyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra fo­rum­da da­şa­ry ýurt­la­ryň en­çe­me­si­niň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­ny hem-de dür­li de­re­je­dä­ki we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di. El­bet­de, bu Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry­nyň kä­mil sö­zü­niň güý­jün­den, öň­den­gö­rü­ji pa­ra­sa­dyn­dan, yn­san­per­wer­li­ge ýug­ru­lan ýö­rel­ge­le­rin­den ha­bar ber­ýär, şol bir wag­tyň özün­de, paý­ha­syň äh­li dö­wür­le­riň hem-de za­man­la­ryň tä­si­rin­den ýo­kar­da dur­ýan­dy­gy­ny, sö­züň bir­leş­di­ri­ji güý­jü­niň is­len­dik päs­gel­çi­li­gi ýe­ňip geç­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni gür­rü­ňi edil­ýän hal­ka­ra fo­rum­da çy­kyş eden gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Prezidentleriniň be­ýan eden pi­kir­le­rin­den hem aň­mak bol­ýar.
Bu gün Mag­tym­gu­ly­nyň ede­bi eser­le­ri dür­li halk­la­ryň kö­ňül be­ze­gi­ne öw­rül­se, şa­hy­ryň aja­ýyp heý­kel­le­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we baş­ga-da bir­nä­çe döw­let­le­riň iň aja­ýyp kün­jek­le­rin­de öz my­na­syp or­nu­ny al­dy. Şeý­le iş­ler di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry­na go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa däl, eý­sem, ada­lat­ly­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge, je­bis­li­ge, pa­ra­hat­çy­ly­ga, asu­da­ly­ga, paý­ha­sa hem kä­mil sö­ze be­ril­ýän ýo­ka­ry ba­ha, söý­gi hem buý­sanç bo­lup dur­ýar.
Be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň we akyl­da­ry­nyň mil­li ma­nat­da hem şe­ki­li bar. Bu zat­la­ryň äh­li­si Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga mil­li we hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň, şeýle hem aý­ra­tyn hor­mat­lan­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mil­li mi­ra­sy­my­zy dün­ýä ýaý­mak­da bi­möç­ber iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ja­nlary sag, ömü­rleri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Gur­ban­na­zar ÇOW­DY­ROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.