Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­de ulu­dan bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da türk­men top­ra­gyn­da tu­tul­ýan toý­la­ryň da­ba­ra­sy dag aş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň to­ýy bu gün dün­ýä­niň to­ýu­na öw­rül­di. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ta­ry­hy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bo­lan, bir­nä­çe ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň, hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, köp san­ly alym­la­ryň, dip­lo­mat­la­ryň, me­de­ni­ýet we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da paý­tagtymyzda ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len «Dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra fo­rum bu ha­ky­ka­ty ýe­ne bir ýo­la su­but et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýe­ti wa­tan­çy­lyk se­na­sy­dyr. Ol öz hal­ky­ny, top­ra­gy­ny sö­ýen, ony go­ra­ma­gy we onuň ga­dy­ry­ny bil­me­gi ün­dän wa­tan­çy şa­hyr­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň mi­ra­sy bi­ziň üçin uly baý­lyk­dyr. Akyl­dar şa­hy­ryň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly bol­ma­gy biz mu­kad­des bor­ju­myz ha­sap­la­ýa­rys. Onuň wes­ýet­le­ri­ne eýer­mek bi­len, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, bi­te­wü­li­gi­ni, ber­ka­rar döw­let­li­li­gi­mi­zi mun­dan beý­läk-de ber­ki­de­ris. Mag­tym­gu­ly baý ma­ny-maz­mun­ly şy­gyr­la­ry bi­len türk­men we dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant go­şan be­ýik akyl­dar­dyr. Adam­zat paý­ha­sy­nyň ägirt­le­ri­niň ha­ta­ryn­da pä­hi­me-paý­ha­sa, yn­san­per­wer­li­ge, hoş­ni­ýet­li­li­ge çäk­siz sar­pa go­ýan da­na Py­ra­gy­nyň jöw­her şyg­ry­ýe­ti kül­li adam­zat üçin gym­mat­ly yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň dün­ýä­si­dir.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň päk ah­lak­ly­lyk, edep-ter­bi­ýe, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, gö­zel­li­gi wasp et­mek, ber­ka­rar döw­let ba­ra­da­ky yn­san aňy­na we ýü­re­gi­ne or­na­ýan gym­mat­ly ün­dew­le­ri bi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň esas­la­ry­ny düz­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si iň asyl­ly adam­zat däp­le­ri­ne da­ýan­ýan yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Da­na akyl­da­ryň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy bu ab­raý­ly gu­ra­ma bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýän şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­dy. Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di. Türk­men ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak şan­ly ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­da şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li me­de­ni çä­re­ler, yl­my-ama­ly mas­la­hat­lar, fo­rum­lar ge­çi­ril­di, şa­hy­ryň hor­ma­ty­na di­kel­di­len heý­kel­le­riň açy­lyş da­ba­ra­la­ry bo­lup geç­di. El­bet­de, bu­la­ryň äh­li­si ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we dün­ýä halk­la­ry ta­ra­pyn­dan türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry­nyň baý ede­bi mi­ra­sy­na go­ýul­ýan çuň­ňur hor­mat-sar­pa­nyň be­lent­di­gi­niň ala­ma­ty.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň yl­ham-ze­hi­nin­den jo­şup çy­kan eser­ler äh­li dö­wür­de-de dün­ýä alym­la­ry­nyň, ede­bi­ýat­çy­la­ry­nyň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Alym E.Ber­tels dün­ýä­niň nus­ga­wy ede­bi gym­mat­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da orun alan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni älem-ja­han tä­sin­lik­le­ri­ni gör­kez­ýän «Jem­şi­diň ja­my­na» meň­ze­dip­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy bu gün dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Onuň şy­gyr­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt­la­ryň dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi dün­ýä oky­jy­la­ry­ny türk­me­niň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň par­lak ýyl­dy­zy bo­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet dün­ýä­si bi­len has gi­ňiş­le­ýin ta­nyş­mak­la­ry­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň Ga­raş­syz döw­let ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bo­lan döw­rün­de ýa­şa­mak, be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ede­bi mi­ra­sy­nyň dün­ýä­de giň­den wa­gyz edil­ýän­di­gi­ne, eser­le­ri­niň dün­ýä halk­la­ry­nyň dil­le­rin­de ne­şir edil­ýän­di­gi­ne, da­na ata­my­zyň ýa­dy­gär­li­gi­niň dost-do­gan­lyk ýurt­la­ryn­da açyl­ýan­dy­gy­na şa­ýat bol­mak bag­ty­ýar türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy­ny go­şa­lan­dyr­ýar.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­dä­ki nus­ga­lyk ýol-ýö­rel­ge­ler bu gün ýaş­lar üçin ter­bi­ýe­çi­lik mek­de­bi bo­lup hyz­mat ed­ýär. Da­na ata­my­zyň ede­bi mi­ra­sy­ny dün­ýä ýaý­mak­da taý­syz ta­gal­la ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za çäk­siz al­kyş aýd­ýa­rys.

Aý­je­mal ALA­ŞA­ÝE­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.