Ýer­den ga­zy­lyp alyn­ýan mag­dan kän­le­ri­ni da­şa­mak­da, ýük­le­ri de­giş­li ýe­re ug­rat­mak­da we ýol­suz ýer­ler­de gat­na­wy ama­la aşyr­mak­da ýük ulag­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Kä­bir se­bit­de mag­dan kän­le­ri aşa köp ga­zy­lyp alyn­ýar. Dag-mag­dan işi­ni wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin bol­sa, aşa kuw­wat­ly ula­ga ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Dag-mag­dan ul­ga­myn­da peý­da­lan­mak üçin iş­le­nip dü­zü­len «Be­laz 75710» dün­ýä­niň iň uly ýük ula­gy ha­sap­lan­ýar. Äpet ula­gy gö­re­niň­de, birbada onuň ha­ky­ky­dy­gy­na ynan­mak hem kyn. Kö­pi­ňiz bu ula­gy ki­no­film­ler­de ýa-da aw­tou­lag­ly mult­fil­mler­de hem gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Bel­ki kä­bi­ri­ňiz­de bu ula­gyň oý­na­waç gör­nü­şi hem bar­dyr.
2013-nji ýyl­da mag­dan kän­le­ri­ni aşa köp da­şa­mak mak­sa­dy bi­len Be­la­ru­suň «BE­LAZ-HOL­DING» kom­pa­ni­ýa­sy «Be­laz 75710» ýük ula­gy­ny iş­läp düz­ýär. Ýük ula­gy­nyň ag­ra­my 360 ton­na ba­ra­bar bo­lup, uzyn­ly­gy 20,6 met­re ýet­ýär. Be­ýik­li­gi 8,16 met­re, ini 9,87 met­re barabar bolan äpet ýük ula­gy­nyň 8 sa­ny uly te­ke­ri bar. «Be­laz 75710» 496 ton­na ýü­ki gö­te­rip bil­ýär. Bu äpet ula­ga iki sa­ny 16 si­lindr­li tur­bo gör­nüş­li di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­si otur­dy­lyp­dyr. Ýük ula­gy 100 ki­lo­metr ýol geç­mek üçin 1 müň 300 litr ýan­gyç sarp ed­ýär. Äpet ula­gyň sa­gat­da­ky tiz­li­gi 64 ki­lo­met­re deň.