Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösüş we ro­waç­lyk ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze ta­ry­hy şöh­rat­ly iş­le­re, be­lent de­re­je­le­re bes­len­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen bag­ty­ýar hal­ky­myz «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aja­ýyp wa­ka­la­ra, ösüş-öz­gert­me­le­re şa­ýat bol­ýar, her bir toý-baý­ra­my ag­zy­bir­lik­de giň­den bel­läp geç­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my ulu­dan da­ba­ra­lan­dy­ry­lar.
Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my – naý­ba­şy se­ne­le­riň bi­ri. Äh­li­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji mej­li­sin­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ yg­lan edil­di. 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň 193-si­niň gol­da­dy. Şeýlelikde «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» Ka­rar­na­ma­sy­nyň ikin­ji ge­zek ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de at-ab­ra­ýy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny, pa­ra­hat­çy­ly­gy ýaý­baň­lan­dyr­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň dün­ýä ýü­zün­de gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy – bu türk­men hal­ky­nyň öň­den gel­ýän mil­li yn­san­per­wer däp­le­ri­niň maz­mu­ny­nyň bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­me­gi­dir. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­dyr, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň ro­waç­lan­ma­gy­dyr.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň äh­lu­mu­my yk­rar­na­ma eýe bol­ýan yn­san­per­wer da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­dy. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň se­bit­dä­ki, şeý­le hem dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti has-da art­dy. Hal­ka­ra ýag­daý­la­ra oňaý­ly tä­sir ýe­tir­ýän türk­men Bi­ta­rap­ly­gy yk­dy­sa­dy­ýet, ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy esa­syn­da 2025-nji ýyl «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de Ar­ka­dag­ly
Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan paý­has­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de hem Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, da­şa­ry sy­ýa­sat­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len iş­jeň gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar.
Dür­li dö­wür­ler­de türk­men­le­riň pa­ra­hat­çy­lyk ýol­la­ry­ny ula­nyp, iň kyn me­se­le­le­ri hem çö­zen­dik­le­rini bel­le­mek bo­lar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy» at­ly ese­rin­de bel­leý­şi ýa­ly, türk­men­ler öz ta­ry­hy­nyň ir­ki dö­wür­le­rin­de-de döw­le­tiň we hal­kyň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak mak­sa­dy bi­len öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ula­nyp­dyr­lar. Hut şu eser­de Şü­kür bag­şy­nyň öz do­ga­ny­ny sa­zyň güý­ji bi­len ýe­sir­lik­den bo­şa­dy­şy be­ýan edil­ýär. Bu hem hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li ýö­rel­ge­le­ri­niň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr. Hin­dis­ta­nyň paý­tag­ty De­li şä­he­rin­dä­ki aja­ýyp köş­güň der­we­ze­si­niň «Türk­men der­we­ze­si» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hem ýö­ne ýer­den däl­dir. Ol türk­men­le­riň ata-ba­ba­la­ry­nyň iki dost­luk­ly hal­kyň ara­syn­da­ky me­de­ni-ede­bi gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de bi­ti­ren uly hyz­mat­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly su­but­na­ma­sy hök­mün­de hä­zir­ki gün­ler­de hem go­ra­lyp sak­la­nyl­ýar.
Döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň 1-nji mad­da­syn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan­dy­gy hem aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da» kons­ti­tu­si­on ka­nun­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň ge­lip çy­ky­şy bo­ýun­ça yk­rar edi­len­di­gi, gör­nü­şi bo­ýun­ça he­mi­şe­lik­di­gi, ýag­ny wagt bi­len çäk­len­di­ril­me­ýän­di­gi, ma­ny­sy bo­ýun­ça – oňyn­ly­gy, ne­ti­je­li­li­gi ber­ki­di­len­dir. Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len ös­dü­ril­me­gi­ni, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň gol­da­nyl­ma­gy­ny, döw­let­ler ara­syn­da dost­luk we hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ýaý­baň­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän iş­jeň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy aň­lad­ýar. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da, şeý­le hem hyz­mat­daş­ly­ga ýurt­la­ryň we se­bit­le­riň ara­syn­da yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ma­gyň mö­hüm gu­ra­ly hök­mün­de ga­ra­mak esa­syn­da ös­dür­ýär.
Gel­jek ýyl­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik, dost-do­gan­lyk, açyk­lyk sy­ýa­sa­ty­ny tu­tuş dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dy­rar.
Dün­ýä ýü­zün­de türk­men hal­ky­nyň mer­te­be­si­ni has-da be­len­de gö­ter­me­giň ug­run­da bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Prezidentimiziň ja­nla­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň, döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Gö­zel UZ­BE­KO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.