25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler.
Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.
Soňra lukman Arkadagymyzyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Ol dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem 500 orunlyk ylmy-kliniki merkezde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň howpsuzlyk derejesine möhüm ähmiýet berler. Bu ýerde onkologiýa keselleriniň döwrebap bejergilerini geçirmek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar.
Paýtagtymyzyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, alym Arkadagymyz bu babatda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy babatda degişli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine we agentligiň wekilleri bilen maslahatlaryň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi täze merkeziň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn möhümdir. Şeýle hem Milli Liderimiz bina edilýän merkeziň enjamlaşdyrylmagyna şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garamalydygyny nygtap, bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk, ýokary derejede ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda hem-de örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, täze merkeziň gurluşygynyň depginlerini artdyrmak we onuň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşmek boýunça taýýarlanan maksatnama barada hasabat berildi.
Lukman Arkadagymyz milli saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belläp, halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilkinji nobatda, islendik keseliň öňüni almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunda saglyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, lukmanlaryň halkymyzyň saglygyny goramak babatda tutanýerli zähmet çekmelidiklerini aýdyp, alym Arkadagymyz bu ugurdaky işlere lukmanlaryň mynasyp goşantlaryny goşmalydyklaryna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýetli wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, esasy üç ugra aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döredilmelidir. Bu bölüm lukmançylygyň halkara talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we şeýle seljeriş-intellektual bölümiň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ikinjiden, bu bölümiň işini kämilleşdirmek üçin sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş oglan-gyzlary saýlap-seçmeli. Bu ýaşlar hemişe täzeçilligiň gözleginde bolup, alyp barjak işlerini ylym bilen utgaşdyrmalydyrlar, işinde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar diýip, Milli Liderimiz belledi.
Gahryman Arkadagymyz üçünji teklibiň bu bölüme ýaşlar saýlanyp alnanda, olaryň köp sanly daşary ýurt dillerini bilmekleriniň, iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý, rus dillerini giňden özleşdirmekleriniň zerurdygyndan ybaratdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde işlejek lukmanlar öz alan bilimleri we öwrenen tejribeleri esasynda dogry, dürs çözgüt kabul etmegi başarmalydyrlar. Hemmetaraplaýyn ukyp-başarnykly bolup, öz işine yhlasly çemeleşmelidirler. Umuman aýdanyňda, seljeriş-intellektual bölümi keseli dogry we takyk anyklamalydyr. Keseliň netijesi boýunça bejeriş işleri üçin anyk maglumatlar ýüze çykarylmalydyr. Maglumatlaryň takyklygy bejeriş işlerini ýokary derejede guramaga ýardam berer.
Alym Arkadagymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowa Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, bu merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirmegiň wajypdygy aýdylyp, onda lukmanlaryň hemişe bökdençsiz hem netijeli iş alyp barmagy üçin üznüksiz aragatnaşygyň ýola goýulmalydygyna üns çekildi.
Aýratyn-da, Halkara okuw-ylmy merkezinde häzirki zaman ylmyndan we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almak, olary seljermek we ýüze çykarylan keseller boýunça dürs bejeriş çärelerini kesgitlemek wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýär.
Has anyk aýdanyňda, merkez diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş desgalary bilen däl, eýsem, dünýäniň belli halkara lukmançylyk merkezleri bilen hem hemişe göni aragatnaşykda bolmalydyr. Şunda özara pikir alyşmaga, tejribeleri paýlaşmaga, bilelikde iş alyp barmaga uly orun berilmelidir. Geljekde-de saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak işleri dowam etdirilmelidir diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde saglyk edaralarynyň döwrebap toplumynyň emele gelendigini, şol bir wagtyň özünde, bu ýerde iň häzirki zaman Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurulýandygyny nazara alyp, lukmanlaryň netijeli işlemeklerine we oňaýly dynç almaklaryna gönükdirilen çäreleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Aşgabadyň bu künjeginde lukmanlar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar baglarynyň, şäher saglyk öýüniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Lukman Arkadagymyz guramaçylyk ukybyny we baý tejribesini nazarda tutup, hormatly Prezidentimiziň N.Amannepesowa örän uly jogapkärçiligiň ynanylýandygy barada aýdanlaryny ýatlady. Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny, onuň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyny degişli derejede amala aşyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetine ünsi çekdi we N.Amannepesowa bu ugurda bar bolan meseleleri talabalaýyk çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.
N.Amannepesow bildirilen ynam, öz aralaryna gelip degerli maslahatlaryny berendigi üçin lukman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi we merkeziň gurluşygyny talabalaýyk amala aşyrmak, onuň binalaryny ýokary derejede enjamlaşdyrmak boýunça berlen tabşyryklaryň berjaý edilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze merkeziň gurluşygynyň dowam edýän döwründe we ony enjamlaşdyrmakda bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli nesihatlary bermek üçin islendik pursatda bu ýere gelmäge taýýardygyny aýratyn belledi. Esasy wezipe lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, keselleriň öňüni almakdan we anyklaýyş işlerini ylmy esasda dürs kesgitlemekden ybaratdyr. Bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ilatymyzy ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmekde, raýatlarymyzyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işiniň talabalaýyk guralmagyna zerur üns berilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.