1800-nji ýyllarda oýlanylyp tapylan welosiped häzirki wagtda iň köp ulanylýan ulag serişdeleriniň biri hasaplanýar. Iki tigirli ulagyň önümçiligi 1960-njy ýyllarda has ösüp, bütin dünýäde meşhur bolup başlaýar. Maglumatlara görä, her ýyl dünýäde 100-130 milliona çenli welosiped öndürilýär. Ýer ýüzünde 1 milliarddan gowrak iki tigirli ulagyň bardygy aýdylýar (deňeşdirmek üçin, dünýäde 1,5 milliarddan gowrak ýeňil awtoulag, 600-700 million motosikl bar). Welosiped önümçiliginde Hytaý, Hindistan, Ýewropa Bileleşigi ýurtlary we Ýaponiýa öňdeligi eýeleýär. Soňky ýyllarda şäherleriň köpüsinde welosipedçiler üçin ýörite ýollar gurlup, düzgünler güýje girizilýär. Welosiped sürmek, ýagny welosipedli işe ýa-da okuwa gatnamak şäherde howanyň hapalanmagynyň öňüni almak bilen bir hatarda, saglygyňy berkitmäge we ulag dyknyşygyny azaltmaga ýardam edýär. Gazetimiziň şu sanynda dünýäde iň köp welosiped sürülýän şäherler baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Kopengagen. Daniýanyň paýtagty 2015-nji ýyldan bäri welosiped sürmek üçin iň amatly şäherleriň sanawynda birinji orunda gelýär. Şäherde welosiped iň möhüm ulag serişdesi hasaplanýar. Kopengagenlileriň 62 göterimi, ýagny ilatyň ýarysyndan gowragy işe we okuwa welosipedli gatnaýarlar. Daniýa 2050-nji ýyla çenli CO2-bitarap ýurda öwrülmegi maksat edinýär. Şol sebäpli şäherde welosiped sürmek üçin dürli çäreler durmuşa geçirilýär. Welosipedçiler üçin ýollar, ýolyşyklar, «akylly» ýol dolandyryş ulgamlary we köprüler gurulýar. Ýaşaýjylar we şähere barýan syýahatçylar üçin welosipedli gezelençler guralýar. Kopengagende 400 kilometrden gowrak welosiped ýoly bolup, şäheriň ýaşaýjylary her gün welosipedde azyndan 5-6 kilometr geçýärler.
Amsterdam. Niderlandlaryň paýtagty egrem-bugram welosiped ýollary we kireýine welosiped bermek hyzmatlary bilen tapawutlanýar. Işe, okuwa gatnamak, şähere gezelenç etmek üçin welosiped zerur bolup durýar. 2023-nji ýylda dünýäde ilkinji suwasty welosiped duralgasy Amsterdamda guruldy. Bu bolsa ýurtda iki tigirli ulaga uly üns berilýändigini aňladýar. Şäherde kanalyň boýunda welosipedli gezelenç edip, şäher gözelligini synlap bolýar.
Utreht. Köplenç iň köp welosipedli şäherleriň sanawynda Utreht üçünji orny eýeleýär. Niderland şäheri merkezinden akyp geçýän kanallary we owadan hem giň welosiped ýollary bilen tapawutlanýar. Utreht şäheriniň ilatynyň esasy bölegini ýaşlar emele getirýär. Şäherde gatnawyň üçden biri iki tigirli ulag arkaly amala aşyrylýar. Bu şäher güneşli we arassa howasy bilen welosiped sürýänlere şypa berýär. Dünýäniň iň uly welosiped duralgasy Utreht şäherinde ýerleşýär. 2019-njy ýylda açylan duralgada 12 müň 500-den gowrak welosiped saklanýar. Welosiped saklamak üçin ilkinji ýerasty desga hem 1938-nji ýylda Utreht şäherinde açylýar.
Antwerpen. Belgiýanyň port şäheri ösen welosiped ýollary, Stin galasy, Grote Markt meýdançasy we Aan de Stroom muzeýi bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Şäheriň islendik künjeginde welosiped kireýine berilýän, ýokary tehnologiýaly duralgalara duş gelmek bolýar. Duralgadan iki tigirli ulagy sagatlaýyn, gündelik, hepdelik, aýlyk we ýyllyk möhletde kireýine alyp bolýar. Şäherde welosipedler ýarym sagada çenli tölegsiz berilýär.
Strasburg. Fransuz şäheri dünýäde welosiped sürmek üçin iň amatly 5 şäheriň hataryna girýär. Bu şäherde ilatyň 16 göterimi her gün işe we okuwa welosipedli gatnaýar. Strasburgda aýratyn welosiped ýodalary bolup, kireýine welosiped berilýän duralgalar hem bar. Strasburga barýan syýahatçylar şähere welosipedli gezelenç edip, gözel künjeklere, muzeýlere aýlanyp bilýärler. Fransiýanyň paýtagty Pariž we Bordo şäherleri hem welosiped sürmek üçin iň amatly şäherler hasaplanýar.
Wankuwer. Demirgazyk Amerikanyň iň durnukly şäherleriniň biri bolan Wankuwer giň deňiz diwar ýollary we şäher merkezindäki welosiped ýollary bilen tanalýar. Kanadanyň port şäherinde 300 kilometrden gowrak welosiped ýoly bar. Şäherde welosipedi bellenen zolakdan sürmäge, gorag başgabyny geýmäge we gijelerine çyra ulanmaga uly üns berilýär. Kanuna görä, iki tigirli ulagda jaň ýa-da signal bolmaly, Gün ýaşmazyndan 2 sagat öň çyralar ýakylmaly. Kanadanyň Monreal şäheri hem 700 kilometrden gowrak welosiped ýollary bilen Demirgazyk Amerikanyň öňdebaryjy welosiped şäherine öwrülýär.
Tokio. Ýapon paýtagtynda gündelik işler üçin «mamaçari» diýlip atlandyrylýan ýönekeý welosipedler has köp ulanylýar. Şäherde ulaglaryň pes tizlikli sazlaşygyna uly üns berilýär. Ýaponiýada awtoulag sürüjileriniň welosipedçilerden habardar bolmagy üçin her ýyl okuw sapaklary geçirilýär. Tokioda welosipedler üçin köp sanly duralgalar bolup, ýaponlaryň ýerli welosipedi (mamaçari) çydamlylygy we ýeňilligi bilen tapawutlanýar.
Iň köp welosiped sürülýän şäherleriň sanawynda Bogota (Kolumbiýa), Helsinki (Finlýandiýa), Gent (Belgiýa), Wena (Awstriýa), Bern (Şweýsariýa), Oslo (Norwegiýa), Münster, Gannower, Leipsig (Germaniýa) we Bristol (Angliýa) ýaly şäherleriň hem ady agzalýar.
PDF









