«Ýumurtga miwesi» ady bilen tanalýan kanisteliň ata Watany Amerikanyň merkezindäki tropik sebitler hasaplanýar. Hurma meňzeş süýri miwe XX asyryň başynda Aziýa sebitine getirilýär. Günorta Aziýa ýurtlarynda, Tailandda we Filippinlerde ösdürilip ýetişdirilýän bu miwäniň kädä we bişirilen süýji ýeralma meňzeş özboluşly tagamy bolýar. Ýokumlylygy bilen tapawutlanýan bu miwäniň içinde edil hurmaňka meňzeş ullakan çigitleri bolýar.
Bişen kanistel miwesi ýumurtganyň sarysyna meňzeş doýgun reňkde bolýar. «Ýumurtga miwesi» göklügine ýygnalýar we 3-10 gün otag temperaturasynda goýulýar. Saralyp bişenden soň bolsa sowadyjyda goýulýar. Miwäniň ululygy 6-12 santimetr aralygynda, agramy bolsa 50-70 gram töweregi bolýar.
Kanistel miwesi boýy 3-8 metre çenli ýetýän, hemişe ýaşyl öwsüp oturan adybir agaçda ýetişýär. Örän haýal ösýän bu agaja başgaça kek agajy, ýumurtga agajy ýa-da sary sapote hem diýilýär. Kek agajynyň şahalary ýaýraň görnüşde bolup, hoşboý ysly ak gül açýar. Şetdala meňzeş ýapragy bolan bu agajyň her düýbünden ortaça 30 kilogram hasyl alyp bolýar.
PDF









