Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary “Napoliden” belgiýaly ýyldyz hüjümçi Romelu Lukakuny 6 million ýewro transfer etdi. Türk kluby 33 ýaşyndaky oýunçy bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Futbola Anderlehtde başlan Lukaku “Çelsi”, “West Bromwiç”, “Ewerton”, “Mançester Ýunaýted”, “Inter”, “Çelsi”, “Inter”, “Roma”, “Napoli” klublarynyň köýnekçelerini geýdi. Ol klublarda 681 oýunda 315 gol geçirdi. Onuň Belgiýanyň ýygyndysynda-da 132 oýunda 92 goly bar.
Türkiýäniň başga bir kluby “Beşiktaş” hem “Serie A”-dan ýyldyz oýunçy transfer etdi. Stambul şäheriniň wekili “Ýuwentusyň” serbiýaly hüjümçisi Duşan Wlahowiçi erkin agent ýagdaýynda, ýagny tölegsiz düzümine goşdy. 26 ýaşyndaky hüjümçi täze kluby bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyp, “Beşiktaş” oňa her ýyl 8 million ýewro hak tölär. Wlahowiç “Partizanda” futbola başlap, “Fiorentinada” 4, “Ýuwentusda” 5 möwsüm çykyş etdi. Ol klublarda 303 duşuşykda 120 goly derwezä girizdi.
PDF








