Londondaky Tebigat taryhy muzeýi tarapyndan her ýyl guralýan «Ýabany tebigatyň suratçysy» bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi. Güýz paslynda geçirilýän bu bäsleşige 121 ýurtdan 65 müň 403 iş hödürlendi. 2026-njy ýylyň «Ýabany tebigatyň suratçysy» bäsleşiginde italiýaly fotosuratçy Federiko Weronesi «The Aftermath» (Kynçylykly ýagdaýdan soň) atly fotosuraty bilen baş baýraga mynasyp boldy. Fotosuratda Namibiýanyň Huab derýasynyň jülgesinde heläk bolan çagasyny holtumynda göterip barýan ene piliň keşbi täsirli suratlandyrylýar. «Ýylyň ýaş tebigat suratçysy» ugurdan zimbabweli Oskar Witfild Zambezi milli seýilgähinde düşüren «Labour of Love» (Söýgi zähmeti) atly işi bilen ýeňiji boldy. Fotosuratda tomzagyň tezegi togalap barýan pursady suratlandyrylýar. «Ýylyň iň ýaş tebigat suratçysy» baýragyna «Flight of the Bumblebee» (Tüýli arysynyň uçuşy) atly işi bilen beýik britaniýaly Amelie Dawis mynasyp boldy. Çagajyk güle gonmak isleýän tüýli arynyň suratyny düşürmek üçin kakasynyň smartfonyndan peýdalanypdyr. Bäsleşigiň «Tebigy gurşawdaky jandarlar» ugrundan «The Meeting Place» (Duşuşyk ýeri) suraty üçin beýik britaniýaly Jeýms Lewin mynasyp görüldi. Ak-gara suratda Keniýanyň milli seýilgähindäki suw içilýän ýerde piliň zebralaryň üstüne suw pürkýän pursady janlandyrylýar.
Bulardan başga-da, bäsleşikde 10-dan gowrak ugurdan ýeňijiler yglan edildi. Olaryň hatarynda Aaron Sandersiň «A Watchful Eye» (Ünsli göz), Isak Pretoriusyň «Scenes from the Swamp» (Batgalykdan sahnalar), Konrad Gräeteriň «Birdsong Painted in Light» (Ýagtylykda çekilen guş aýdymy), Set Forestsonyň «Urban Jungle» (Şäher jeňňeli), Toni Wunuň «Making Morays» (Moraýlary ýasamak), Loren Elliottyň «Wily Coyotes of San Francisco» (San-Fransiskonyň mekir koýotlary), Anton Sorokiniň «Protective Pose» (Gorag durşy), Sitaram Raulyň «Shifting Sand» (Süýşýän çäge), Aleks Lindblumyň «Night-Time Catch» (Gije wagtyny tutmak), Agorastos Papatsanisiň «Shedding Light» (Yşyk saçylýar), Aleksis Tinker-Tsavalasyň «Hidden Depths» (Gizlin çuňluklar), Miçal Miçalskiniň «Escape Artistry» (Gaçyş sungaty), Aleks Wisbalyň «The Great Divide» (Uly bölünişik), Fransisko Negronyň «Warning Sign» (Duýduryş alamaty), Kutub Uddiniň «Secret Worlds» (Gizlin dünýäler) ýaly eserleri bar.
Bu ýyl bäsleşige rekord derejede köp surat hödürlenipdir. Londonyň Tebigat taryhy muzeýiniň direktory Dag Gurr: «Bu ýylky saýlanan eserler tebigy dünýäni başgaça görmegimize kömek edýär. Bu işler bize her bir jandaryň durmuşyň çylşyrymly ulgamynda öz ornunyň bardygyny, şeýle-de tebigy dünýä düşünmegiň we goramagyň häzirki wagtda näme üçin has-da möhümdigini ýatladýar» diýip belleýär.
PDF








