Lon­don­da­ky Te­bi­gat ta­ry­hy mu­ze­ýi ta­ra­pyn­dan her ýyl gu­ral­ýan «Ýa­ba­ny te­bi­ga­tyň su­rat­çy­sy» bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Güýz pas­lyn­da ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­ge 121 ýurt­dan 65 müň 403 iş hö­dür­len­di. 2026-njy ýy­lyň «Ýa­ba­ny te­bi­ga­tyň su­rat­çy­sy» bäs­le­şi­gin­de ita­li­ýa­ly fo­to­su­rat­çy Fe­de­ri­ko We­ro­ne­si «The Af­ter­math» (Kyn­çy­lyk­ly ýag­daý­dan soň) at­ly fo­to­su­ra­ty bi­len baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Fo­to­su­rat­da Na­mi­bi­ýa­nyň Hu­ab de­rýa­sy­nyň jül­ge­sin­de he­läk bo­lan ça­ga­sy­ny hol­tu­myn­da gö­te­rip bar­ýan ene pi­liň keş­bi tä­sir­li su­rat­lan­dy­ryl­ýar. «Ýy­lyň ýaş te­bi­gat su­rat­çy­sy» ugur­dan zim­bab­we­li Os­kar Wit­fild Zam­be­zi mil­li se­ýil­gä­hin­de dü­şü­ren «La­bo­ur of Love» (Söý­gi zäh­me­ti) at­ly işi bi­len ýe­ňi­ji bol­dy. Fo­to­su­rat­da tom­za­gyň te­ze­gi to­ga­lap bar­ýan pur­sa­dy su­rat­lan­dy­ryl­ýar. «Ýy­lyň iň ýaş te­bi­gat su­rat­çy­sy» baý­ra­gy­na «Flight of the Bumb­le­bee» (Tüý­li ary­sy­nyň uçu­şy) at­ly işi bi­len be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly Ame­lie Da­wis my­na­syp bol­dy. Ça­ga­jyk gü­le gon­mak is­le­ýän tüý­li ary­nyň su­ra­ty­ny dü­şür­mek üçin ka­ka­sy­nyň smart­fo­nyn­dan peý­da­la­nyp­dyr. Bäs­le­şi­giň «Te­bi­gy gur­şaw­da­ky jan­dar­lar» ug­run­dan «The Mee­ting Place» (Du­şu­şyk ýe­ri) su­ra­ty üçin be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly Jeýms Le­win my­na­syp gö­rül­di. Ak-ga­ra su­rat­da Ke­ni­ýa­nyň mil­li se­ýil­gä­hin­dä­ki suw içil­ýän ýer­de pi­liň zeb­ra­la­ryň üs­tü­ne suw pürk­ýän pur­sa­dy jan­lan­dy­ryl­ýar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, bäs­le­şik­de 10-dan gow­rak ugur­dan ýe­ňi­ji­ler yg­lan edil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Aa­ron San­der­siň «A Watchful Eye» (Üns­li göz), Isak Pre­to­riu­syň «Scenes from the Swamp» (Bat­ga­lyk­dan sah­na­lar), Kon­rad Gräe­te­riň «Bird­song Pa­in­ted in Light» (Ýag­ty­lyk­da çe­ki­len guş aý­dy­my), Set Fo­rest­so­nyň «Ur­ban Jung­le» (Şä­her jeň­ňe­li), To­ni Wu­nuň «Ma­king Mo­ra­ys» (Mo­raý­la­ry ýa­sa­mak), Lo­ren El­li­ot­tyň «Wi­ly Coyo­tes of San Francisco» (San-Fran­sis­ko­nyň me­kir ko­ýot­la­ry), An­ton So­ro­ki­niň «Pro­tective Po­se» (Go­rag dur­şy), Si­ta­ram Rau­lyň «Shif­ting Sand» (Süýş­ýän çä­ge), Aleks Lindb­lu­myň «Night-Ti­me Catch» (Gi­je wag­ty­ny tut­mak), Ago­ras­tos Pa­pat­sa­ni­siň «Shed­ding Light» (Yşyk sa­çyl­ýar), Alek­sis Tin­ker-Tsavala­syň «Hid­den Depths» (Giz­lin çuň­luk­lar), Mi­çal Mi­çals­ki­niň «Escape Ar­tist­ry» (Ga­çyş sun­ga­ty), Aleks Wis­ba­lyň «The Great Divide» (Uly bö­lü­ni­şik), Fran­sis­ko Neg­ro­nyň «War­ning Sign» (Duý­du­ryş ala­ma­ty), Ku­tub Ud­di­niň «Secret Worlds» (Giz­lin dün­ýä­ler) ýa­ly eser­le­ri bar.
Bu ýyl bäs­le­şi­ge re­kord de­re­je­de köp su­rat hö­dür­le­nip­dir. Lon­do­nyň Te­bi­gat ta­ry­hy mu­ze­ýi­niň di­rek­to­ry Dag Gurr: «Bu ýyl­ky saý­la­nan eser­ler te­bi­gy dün­ýä­ni baş­ga­ça gör­me­gi­mi­ze kö­mek ed­ýär. Bu iş­ler bi­ze her bir jan­da­ryň dur­mu­şyň çyl­şy­rym­ly ul­ga­myn­da öz or­nu­nyň bar­dy­gy­ny, şeý­le-de te­bi­gy dün­ýä dü­şün­me­giň we go­ra­ma­gyň hä­zir­ki wagt­da nä­me üçin has-da mö­hüm­di­gi­ni ýat­lad­ýar» di­ýip bel­le­ýär.