Adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi iş wagt­la­ry­ny iş otur­gy­jyn­da ge­çir­ýär­ler. Bu ýag­daý, esa­san-da, komp­ýu­ter­de iş alyp bar­ýan hü­när­men­ler­de has köp duş gel­ýär. Her gün otur­gyç­da otu­ryp iş­le­mek ar­ka­da we egin­ler­de agy­ry­ny dö­ret­mek bi­len bir ha­tar­da, sag­ly­ga hem oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bi­ler. Eý­sem, iş sto­lun­da nä­hi­li otur­ma­ly?! Ge­liň, bu ma­ka­la­da otur­gyç­da dog­ry otur­ma­gyň düz­gün­le­ri, komp­ýu­ter bilen saz­la­şyk­ly goý­lu­şy hem-de ara­lyk maşk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Gol­daw­ly (er­go­no­mik) otur­gyç ulan­mak. Komp­ýu­te­riň ba­şyn­da uzak wagt­lap iş­le­mek­de iň go­wy usul­la­ryň bi­ri er­go­no­mik otur­gyç­dyr. Ýum­şak hem ma­ýyş­gak hä­si­ýet­li bu otur­gyç­lar eg­niň we oňur­ga­nyň dog­ry sak­lan­ma­gy­na kö­mek ed­ýär. Oňur­ga­nyň te­bi­gy eg­ri­li­gi­ne eýer­ýän, ar­ka myş­sa­la­ra gol­daw ber­ýän ma­ýyş­gak otur­gyç­lar sag­lyk bi­len bag­ly kä­bir ýagdaýlaryň öňü­ni al­ma­ga kö­mek edýär. Mu­nuň üçin il­ki bi­len be­de­ni otur­gyç­da dog­ry ýer­leş­dir­me­li. Otur­gy­jyň ar­ka­sy­na bi­liň we egin­le­riň deg­me­li. Mo­ni­to­ra gö­rä otur­gy­jyň be­ýik­li­gi­ni saz­la­maly. Otu­ra­ny­ň­da kel­lä­ň mo­ni­to­ryň ga­ba­dyn­da dur­ma­ly hem-de ek­ra­na gö­ni se­ret­me­li. Gy­tak­la­ýyn ýa-da aşak­dan ýo­ka­ry se­re­dil­me­gi kel­la­gy­ry­nyň dö­re­me­gi­ne we gör­şüň pe­sel­me­gi­ne ge­ti­rip bi­ler. Otur­gyç­da otu­ry­lan­da boý­nuň dik sak­lan­ma­gy­ny hem üns­den dü­şür­me­li däl. Üns ber­me­li şert­le­riň ýe­ne bi­ri aýak­la­ryň dur­şu­dyr. Aýa­gyň da­ban bö­le­gi ýe­re gö­ni ba­sy­lyp, dy­zyň ep­le­ni­şi 90 de­re­je­de (burç gör­nü­şin­de) sak­lan­ma­ly. Aýa­gyň öňe-yza ser­pik­di­ri­lip otu­ryl­ma­gy myş­sa­la­ryň so­zul­ma­gy­na hem-de gan aý­la­ny­şyn­da­ky kä­bir bök­denç­lik­le­re ge­ti­rip bi­ler. Is­len­dik otur­gyç­da otu­ry­lan­da hem şu ka­da­la­ra üns ber­me­gi ýat­dan çy­kar­maň!
Pos­tu­ral maşk­la­ry ýerine ýetirmek. Maşk et­mek zy­ýan­ly tä­sir­le­ri ara­dan aýyr­mak üçin iň go­wy usul­la­ryň bi­ri­dir. Pos­tu­ral maş­ky otu­ran ýe­riň­de bir-iki mi­nu­tyň için­de ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ýar. Maş­kyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi: sto­luň üs­tün­de el­le­ri gö­ni go­ýup, bar­mak­la­ry öňe uzat­ma­ly hem-de bir­nä­çe ge­zek bar­mak­la­ry gy­syp-açyp he­re­ket et­dir­me­li. Soň­ra el­le­ri bi­ri-bi­ri­ne se­re­der ýa­ly edip, dö­şü­ňe çen­li ke­se­le­gi­ne ýo­ka­ry gal­dyr­ma­ly. Tir­sek­le­ri otur­gy­ja ta­rap yza çek­me­li hem-de çuň dem al­ma­ly. Tä­sir edi­şi­ne gö­rä, bu ýag­da­ýy bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­la­ma­ly. Mun­dan baş­ga-da, iş şer­ti­ne gö­rä aras­sa ho­wa­da bi­raz ge­ze­lenç et­mek, ýo­ga bi­len meş­gul­lan­mak hem-de welosiped sür­mek ýa­ly maşk­la­ry hem ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler­si­ňiz.
Ek­ra­ny saz­lamak. Komp­ýu­te­riň mo­ni­to­ry­nyň ýag­ty­ly­gy we dur­şy be­de­niň çalt ýa­da­ma­gy­na hem-de gö­ze tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Mo­ni­to­ry kla­wia­tu­ra­nyň mer­ke­zin­de gö­ni goý­ma­ly. Otur­gyç­da otu­ryp gö­ni se­re­di­len­de ek­ra­nyň du­ruş de­re­je­si göz­den 5-10 san­ti­metr ýo­kar­da bol­ma­ly.
Kla­wia­tu­ra­nyň dur­şu­na üns be­rmek. Iş sto­lun­da iş­le­nen­de kla­wia­tu­ra­nyň ýer­le­şi­şi hem öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Düw­me­ler ba­sy­lan wag­ty eliň we eg­niň dar­tyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ly. Şol se­bäp­li kla­wia­tu­ra gö­rä he­re­ket et­män, oty­ry­şy­ňy­za gö­rä kla­wia­tu­ra­ny saz­la­ma­ly. Ýag­ny bi­lek­le­ri­ňi­zi pa­ral­lel gör­nüş­de sak­la­mak esa­syn­da eli­ňi­ziň bas­ýan ýe­rin­de kla­wia­tu­ra­ny goý­ma­ly. Şeý­le hem kla­wia­tu­ra­nyň düw­me­le­ri özü­ňi­ze ta­rap bi­raz ga­lyp dur­ma­ly.
Ýy­gy-ýy­gy­dan he­re­ket et­mek. Bi­ler­men­ler iş­le­nil­ýän pur­sa­dyn­da her sagatda (45-50 minut) ýe­riň­den tu­rup, bi­raz dik du­ra­nyň­dan soň gaý­ta­dan otur­ma­gy ýa-da 10-15 mi­nut gezmeläp, soň­ra iş­le­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Şeý­le hem şol ara­lyk­da ýa­şyl ösüm­lik­le­re se­ret­mek ar­ka­ly göz maş­ky­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek hem peý­da­ly­dyr. Munuň üçin iň go­wy maşk 20 se­kunt­lap gö­zü­ňi­zi eli­ňiz bi­len ýa­pyp sak­lap, gaý­ta­dan aç­mak­dyr.