Adamlaryň aglaba bölegi iş wagtlaryny iş oturgyjynda geçirýärler. Bu ýagdaý, esasan-da, kompýuterde iş alyp barýan hünärmenlerde has köp duş gelýär. Her gün oturgyçda oturyp işlemek arkada we eginlerde agyryny döretmek bilen bir hatarda, saglyga hem oňaýsyz täsirini ýetirip biler. Eýsem, iş stolunda nähili oturmaly?! Geliň, bu makalada oturgyçda dogry oturmagyň düzgünleri, kompýuter bilen sazlaşykly goýluşy hem-de aralyk maşklaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyş bolalyň!
Goldawly (ergonomik) oturgyç ulanmak. Kompýuteriň başynda uzak wagtlap işlemekde iň gowy usullaryň biri ergonomik oturgyçdyr. Ýumşak hem maýyşgak häsiýetli bu oturgyçlar egniň we oňurganyň dogry saklanmagyna kömek edýär. Oňurganyň tebigy egriligine eýerýän, arka myşsalara goldaw berýän maýyşgak oturgyçlar saglyk bilen bagly käbir ýagdaýlaryň öňüni almaga kömek edýär. Munuň üçin ilki bilen bedeni oturgyçda dogry ýerleşdirmeli. Oturgyjyň arkasyna biliň we eginleriň degmeli. Monitora görä oturgyjyň beýikligini sazlamaly. Oturanyňda kelläň monitoryň gabadynda durmaly hem-de ekrana göni seretmeli. Gytaklaýyn ýa-da aşakdan ýokary seredilmegi kellagyrynyň döremegine we görşüň peselmegine getirip biler. Oturgyçda oturylanda boýnuň dik saklanmagyny hem ünsden düşürmeli däl. Üns bermeli şertleriň ýene biri aýaklaryň durşudyr. Aýagyň daban bölegi ýere göni basylyp, dyzyň eplenişi 90 derejede (burç görnüşinde) saklanmaly. Aýagyň öňe-yza serpikdirilip oturylmagy myşsalaryň sozulmagyna hem-de gan aýlanyşyndaky käbir bökdençliklere getirip biler. Islendik oturgyçda oturylanda hem şu kadalara üns bermegi ýatdan çykarmaň!
Postural maşklary ýerine ýetirmek. Maşk etmek zyýanly täsirleri aradan aýyrmak üçin iň gowy usullaryň biridir. Postural maşky oturan ýeriňde bir-iki minutyň içinde ýerine ýetirip bolýar. Maşkyň ýerine ýetirilişi: stoluň üstünde elleri göni goýup, barmaklary öňe uzatmaly hem-de birnäçe gezek barmaklary gysyp-açyp hereket etdirmeli. Soňra elleri biri-birine sereder ýaly edip, döşüňe çenli keselegine ýokary galdyrmaly. Tirsekleri oturgyja tarap yza çekmeli hem-de çuň dem almaly. Täsir edişine görä, bu ýagdaýy birnäçe gezek gaýtalamaly. Mundan başga-da, iş şertine görä arassa howada biraz gezelenç etmek, ýoga bilen meşgullanmak hem-de welosiped sürmek ýaly maşklary hem ýerine ýetirip bilersiňiz.
Ekrany sazlamak. Kompýuteriň monitorynyň ýagtylygy we durşy bedeniň çalt ýadamagyna hem-de göze täsirini ýetirýär. Monitory klawiaturanyň merkezinde göni goýmaly. Oturgyçda oturyp göni seredilende ekranyň duruş derejesi gözden 5-10 santimetr ýokarda bolmaly.
Klawiaturanyň durşuna üns bermek. Iş stolunda işlenende klawiaturanyň ýerleşişi hem öz täsirini ýetirýär. Düwmeler basylan wagty eliň we egniň dartylmagynyň öňüni almaly. Şol sebäpli klawiatura görä hereket etmän, otyryşyňyza görä klawiaturany sazlamaly. Ýagny bilekleriňizi parallel görnüşde saklamak esasynda eliňiziň basýan ýerinde klawiaturany goýmaly. Şeýle hem klawiaturanyň düwmeleri özüňize tarap biraz galyp durmaly.
Ýygy-ýygydan hereket etmek. Bilermenler işlenilýän pursadynda her sagatda (45-50 minut) ýeriňden turup, biraz dik duranyňdan soň gaýtadan oturmagy ýa-da 10-15 minut gezmeläp, soňra işlemegi maslahat berýärler. Şeýle hem şol aralykda ýaşyl ösümliklere seretmek arkaly göz maşkyny ýerine ýetirmek hem peýdalydyr. Munuň üçin iň gowy maşk 20 sekuntlap gözüňizi eliňiz bilen ýapyp saklap, gaýtadan açmakdyr.
PDF








