Häzirki wagtda dünýäniň iri ýurtlarynyň ylmy-jemgyýetçilik hem-de kosmos gullugynyň bilermenleridir hünärmenleri Gün ulgamynyň dördünji planetasy bolan Marsy öwrenmek üçin uly tagalla edýärler.
Şu ýylyň iýul aýynda ABŞ-nyň, Hytaýyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň kosmos gämileri Mars planetasyna tarap ugur aldy. Bu üç ýurduň birbada şol bir aýda asman giňişligine kosmos gämilerini uçurmagy tötänden däldir. Takmynan her bir ýarym-iki ýyldan Gün ulgamynyň planetalarynyň düzülýän hataryna laýyklykda, Ýerden Marsa syýahat 9 aýdan 7 aýa çenli azalýar. Bu hem diňe bir wagty tygşytlamak bilen çäklenmän, eýsem, raketa ýangyjyny hem tygşytlamaga giň mümkinçilik döredýär.
Şonuň üçin şu ýylyň iýul aýynyň ortalarynda Gün ulgamynda şeýle setir emele geldi we ABŞ-nyň, Hytaýyň hem-de BAE-niň kosmos gämileri biri-biriniň yzyndan «Gyzyl planeta» diýlip atlandyrylýan Marsa tarap özüniň ylmy-barlag işini amala aşyrmak üçin rowana boldular.
ABŞ-nyň federal hökümetine degişli Milli awiasiýa we kosmos edarasy (NASA) bu pursatdan peýdalandy. NASA edarasy mundan ozal hem Marsda birnäçe ylmy-barlag işlerini geçirdi. Hytaý bilen Birleşen Arap Emirlikleri bu planetany öwrenmek işine täze goşuldylar.