KI­BER­HOWP­SUZ­LYK
BO­ÝUN­ÇA MAK­SAT­NA­MA
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.Müş­şi­ko­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2017-nji ýy­lyň 7-nji iýu­nyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­ta­nyň ki­ber­howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na» we «Türk­me­nis­ta­nyň ki­ber­howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň 2017–2021-nji ýyl­lar üçin me­ýil­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, «Türk­mens­tan­dart­la­ry» Baş döw­let gul­lu­gy­na ki­ber­howp­suz­ly­gyň önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­jak teh­ni­ki se­riş­de­le­ri hem-de prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­ni bar­la­mak hem-de ser­ti­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak iş­le­ri­ni ýo­la goý­mak we­zi­pe­si tab­şy­ryl­dy.
Ýur­du­my­zyň çä­gin­de ön­dü­ril­ýän we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­niň hem-de teh­ni­ki se­riş­de­le­riň ser­ti­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­ny ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, gul­lu­gyň mer­ke­zi eda­ra­syn­da ki­ber­howp­suz­lyk bo­ýun­ça ser­ti­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryş bö­lü­mi­ni aç­mak tek­lip edil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, elekt­ron hyz­mat­la­ryň jem­gy­ýe­tiň gün­de­lik dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu tek­li­bi, umu­man, ma­kul­lap, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.Müş­şi­ko­wa de­giş­li wi­se-prem­ýer­ler bi­len bi­le­lik­de «Türk­me­nis­ta­nyň ki­ber­howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin de­giş­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

TÄ­ZE DES­GA­LAR GUR­LAR
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Me­re­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de ne­bit­gaz top­lu­my­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek we onuň önüm­çi­lik dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döwlet Baştutanymyzyň ga­ra­ma­gy­na Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di, oňa la­ýyk­lyk­da, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da iki sa­ny tä­ze gaz­tur­bi­na­ny gur­mak we elekt­rik be­ke­di­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
TNGIZT-niň gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik be­ke­di­niň kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy tä­ze des­ga­la­ry elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz we yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Şol des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň 2019–2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tul­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bit­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Çün­ki döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu top­lum Türk­me­nis­ta­nyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da tä­ze gaztur­bi­na­la­ry gur­mak we elekt­rik be­ke­di­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ra gol çe­kip, ony elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di hem-de de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

OBA HO­JA­LY­GYN­DA GYZ­GA­LAŇ­LY
MÖW­SÜM BAŞ­LA­ÝAR
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý eki­şi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek we pag­ta ýy­gy­my­na gi­riş­mek ba­bat­da şu gün­ler al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp hem-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry­na we hä­kim­le­re ýüz­le­nip, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, oba ho­ja­ly­gyn­da hem go­wy ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da gal­la­çy hem-de pag­ta­çy daý­han­la­ry­myz, äh­li oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­miz üçin örän mö­hüm we jo­gap­kär­li möw­süm­le­riň iki­si, ýag­ny bug­daý eki­şi hem-de pag­ta ýy­gy­my ýe­tip gel­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu möw­süm­le­ri gys­ga wag­tyň için­de, ýo­ka­ry de­re­je­de we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da şu ýy­lyň 2-nji sent­ýab­ryn­dan baş­lap bug­daý eki­şi­ne gi­riş­mä­ge hem-de Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 9-njy sent­ýabr­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa 16-njy sent­ýabr­da pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di.

HI­MI­ÝA ÖNÜM­ÇI­LIGI­NIŇ ÇIG MAL
ÜP­JÜN­ÇI­LI­GI BER­KI­DIL­ÝÄR
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa önüm­çi­li­gi­ni çig mal bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň kar­ba­mid dö­kü­ni­ni ön­dür­ýän «Ma­ry­kar­ba­mid», «Te­jen­kar­ba­mid» we «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wod­la­ry­nyň di­ňe bir içer­ki ba­zar­la­ryň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, önü­miň esa­sy bö­le­gi­ni da­şa­ry ýurt­la­ra iber­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Kar­ba­mid­li for­mal­de­git kon­sent­ra­ty bu önüm­çi­li­giň esa­sy çig mal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol dö­kü­niň hi­li­ne hem-de önüm uzak ýer­le­re da­şa­lan­da, onuň dur­ku­nyň sak­la­nyl­ma­gy­na uly tä­sir ed­ýär. Şu mak­sat bi­len, ýo­kar­da ag­za­lan çig ma­ly sa­tyn al­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik ge­çi­ril­di we ýe­ňi­ji saý­la­nyp alyn­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp we içer­ki hem-de da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­ri ön­dür­ýän hi­mi­ýa top­lum­la­ry­nyň bök­denç­siz iş­le­me­gi­ni üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­riň üs­tün­de iç­gin iş­le­me­gi we soň­ra ola­ry de­giş­li dü­züm­le­riň ga­ra­ma­gy­na iber­me­gi tab­şyr­dy.

SAN­LY WE ULAG UL­GA­MYN­DA­KY
DÜÝP­LI ÖZ­GE­RIŞ­LIK­LER
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Öwe­zow «Kä­bir döw­let eda­ra­la­ry­na «Aw­tou­lag kär­ha­na­lar bir­le­şi­gi» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni dö­ret­mä­ge esas­lan­dy­ry­jy­lar hök­mün­de gat­naş­ma­ga yg­ty­ýar ber­mek ha­kyn­da» hem-de «Mi­nistr­lik­ler­de, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da hem-de we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­rin­de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan elekt­ron mag­lu­mat bin­ýat­lar ul­ga­my­ny dö­ret­mek ha­kyn­da» Ka­rar­la­ryň tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Wi­se-prem­ýe­riň ha­bar ber­şi ýa­ly, ulag ul­ga­myn­da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar, şol san­da onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, ila­ty­my­za ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry et­mek üçin döw­re­bap teh­ni­ka­lar we en­jam­lar sa­tyn alyn­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, «Aş­ga­bat – Da­şo­guz» aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň ug­run­da gu­rul­ýan Aw­tou­lag kär­ha­na­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar.
«Türk­me­naw­tou­lag­la­ry» agent­li­gi­niň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Aş­ga­bat­da­ky ýo­lag­çy aw­tou­lag kär­ha­na­sy­nyň, Aw­to­mo­bil mek­dep­le­ri­niň bir­le­şi­gi­niň hem-de «Aw­to­mo­bil ulag hyz­ma­ty» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň paý­ly gat­na­şy­gyn­da «Aw­tou­lag kär­ha­na­lar bir­le­şi­gi» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­da tek­lip be­ýan edil­di.
Wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­ty­ny do­wam edip, Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri, eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, äh­li eda­ra­lar, kär­ha­na­lar we gu­ra­ma­lar hem-de hu­su­sy te­le­ke­çi­ler ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­le­riň tap­gyr­la­ýyn ge­çi­ril­me­gi­niň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.