Mälim bolşy ýaly, üsgülewüge ýa-da sowuklama garşy ary balynyň peýdasy uludyr. Bu barada geçirilen täze ylmy-barlaglarda ary balynyň ykrar edilen dermanlardan has täsirli bolandygy mälim edilýär. Bu barada metbugat neşirleri belläp geçýärler.
Adamlar asyrlar boýy üsgülewük, bokurdak agyrylary we adaty sowuklama üçin ary balyndan peýdalanyp gelipdirler. Ary baly babatda alymlar yzygiderli ylmy-barlaglary geçirip durýarlar. Barlaglardan görnüşi ýaly, bu keselleriň hemmesini bejermekde antibiotiklere ýa-da artykmaç dermanlara garanyňda balyň has täsirlidigi subut edildi. Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň pikiriçe, lukmanlar näsaglara antibiotikleri bellemegiň ýerine, umumy kesellere garşy göreşmek üçin birnäçe çemçe bal bermek maslahat berilýär.
Alymlar balyň täsirliligini we dürli üsgülewük hem-de dem alyş ýollarynyň ýokanç kesellerini bejermekde täsirini deňeşdirýän ylmy işleri geçirdiler. Bu ýokançlyklaryň esasy alamatlary üsgülewük we sowuklamadyr. Balyň beýleki dermanlara garanyňda, üsgülewügi we beýleki keselleri bejermekde has täsirli bolandygy anyklandy.
Köp adamlaryň iň halaýan önümi bolan balyň üsgülewügiň ýygylygyny azaltmak üçin täsiri dermanlardan 36 göterim has ýokarydyr. Bal üsgülewük alamatlaryny dermanlara garanyňda, 44 göterim has köp peseltmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem balyň ýokarky dem alyş ýollarynyň ýokançlyklaryndan gutulmagyň möhletini ortaça iki gün gysgaldýandygyny tassyklaýan subutnamalar bar. Balyň elýeterli önümdigi hem-de saglyga zyýanynyň ýokdugy hem bellenilip geçilýär.