Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamy şolaryň hatarynda görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň Ýewropa döwletleriniň arasynda Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.
Geçen ýyl Italiýa ýurdumyzyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Häzirki wagtda Italiýanyň türkmen önümleriniň eksporty boýunça hyzmatdaşlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýändigi bellärliklidir.
Bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda nebitgaz ulgamy ýaly strategik ähmiýetli topluma aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda ENI kompaniýasy işleýär. Bu kompaniýa ýurdumyzda alyp barýan işini giňeltmäge çalyşýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, italiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler.
Işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklar hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine gol çekilmeginiň geçen ýylyň noýabr aýynda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň netijesi bolandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ugry boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip, ýurdumyzda italýan diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini belledi, häzirki wagtda bu dil iki ýokary okuw mekdebinde ulgamlaýyn esasda öwredilýär.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ugurdaş bölüm ýene bir ýokary okuw mekdebinde – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda açyldy. Mundan başga-da, şu okuw ýylynda italýan dili Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birinde okadylyp başlanyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella okgunly ösüş häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljekki ösüşi barada anyk, işewür ýagdaýda geçen söhbetdeşlige kanagatlanma bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.