Hormatly Prezidentimiz giň gerime eýe bolýan bilim özgertmeleriniň düýp özeninde ýaş nesillere döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma, döredijilige ugrukdyrmak ýaly asylly maksatlar ýatyr. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilip, tehnologiýanyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, kämil tehnologiýaly bilim ojaklary gurulýar. Şol mekdeplerde bilim alýan ýaşlar Watanymyzyň geljekki ösüşleri üçin esasy hünärmenler hem-de bilermenler bolup ýetişýärler.
Bilim ulgamynda ýetilýän şeýle sepgitleriň berk binýadyny «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeler düzýär. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň geljegimizdir» diýmek bilen, bilim ulgamynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmen ýaşlary paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarymyzda, etrapdyr oba-şäherlerimizde gurlup ulanylmaga berilýän ak mekdeplerde, çagalar baglarynda, ýokary okuw mekdeplerinde hem-de ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde zamanabap bilim we terbiýe alýarlar.
Türkmen jemgyýetiniň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň, şonuň ýaly-da bütin halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak döwletimiziň esasy maksadydyr. Bu maksady doly amal etmek üçin täze eýýamda örän giň mümkinçilikler açyldy. Ata Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary ertirki gün ýurdy gülledip ösdürmeli oglan-gyzlardyr. Olaryň Watana bolan söýgüsi, joşguny, hyjuwy, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljegine ynamy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwer işleriniň beýanydyr.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň talaplaryny we ýollaryny kesgitleýän resminama bolmak bilen, onuň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim almak we bilim bermek arkaly, bu ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr. Şu ýylyň täze okuw ýylynda ulanmaga berlen Aşgabatdaky 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebi hem ýokarda aýdylanlara şaýatlyk edýär. Bu bilim ojagynda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda ýöriteleşdirilen merkez dilleri çuňňur öwretmäge we kompýuter sowatlylygyny özleşdirmäge gönükdirilendir.
Ylmyň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna itergi berýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýaşlary ylma höweslendirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklar ýola goýulýar. Sanly bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yzygiderli ýagdaýda okuw maslahatlary, professorlar bilen duşuşyklar geçirilýär. Bu hem eýýäm milli ylmy binýadymyzy dünýä derejesinde pugtalandyrmaga, ýaşaýyş-durmuşymyzyň dürli ugurlary boýunça taýýarlanýan maksatnamalara has ýokary derejede, ýagny ylmy taýdan çemeleşmäge şert döredýär.
Altyn Gurbanowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.