Bü­tin­dün­ýä Yk­dy­sa­dy Fo­ru­my ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan mag­lu­ma­ta gö­rä, 2025-nji ýy­la çen­li iş­çi güý­jü­niň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­niň ýa­ry­sy ro­bot­la­ra yna­ny­lar. Gu­ra­ma­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da kä­bir ugur­lar­da has köp iş­çi güý­jü­ne ze­rur­lyk duý­lar. Mer­ke­zi eda­ra­sy Şweý­sa­ri­ýa­da ýer­leş­ýän Fo­rum aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ma­şyn­la­ryň iş şert­le­ri­ne ed­ýän tä­si­ri ba­ra­da taý­ýar­lan gi­ňiş­le­ýin mag­lu­ma­ty­ny ýaý­rat­dy. Mag­lu­mat­da ro­bot öw­rü­li­şi­gi­niň dün­ýä­de 97 mil­li­on tä­ze iş or­nu­ny dö­ret­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ro­bot­lar kä­bir iş­le­ri adam­la­ryň «elin­den alar». El güý­jü­ni ta­lap ed­ýän hem-de mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän iş orun­la­ry­nyň kö­pü­si ro­bot­lar ýa-da aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ma­şyn­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. Dün­ýä­de je­mi 8 mil­li­on­dan gow­rak iş­çi­si bo­lan 300 kom­pa­ni­ýa bi­len ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­si­ne gö­rä, iş be­ri­ji­le­riň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ula­gy has hem art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Iş be­ri­ji­le­riň 43 gö­te­ri­mi fi­zi­ki zäh­me­ti ta­lap ed­ýän iş­le­ri ro­bot­la­ra ynan­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Hä­zir­ki wagt­da iş­çi güý­jü­niň üç­den bir bö­le­gi­ni ro­bot­lar ama­la aşyr­ýar. Gel­jek bäş ýyl­da bol­sa, se­na­gat önüm­çi­li­gin­de we beý­le­ki pu­dak­lar­da iş­çi­ler bi­len ro­bot­la­ryň sa­ny deň­le­şer. Şeý­le hem mag­lu­mat­da ro­bot­la­ryň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, tä­ze iş orun­la­ry­nyň peý­da bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Mas­la­hat be­riş, ne­ti­je çy­kar­mak, ara­gat­na­şyk ýa­ly ugur­lar­da has köp iş­gä­re ze­rur­lyk du­ý­lar. Şeý­le hem «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet, in­že­ner­çi­lik we «bu­lut» teh­no­lo­gi­ýa­sy ýa­ly ugur­lar­da has köp adam zäh­met çe­ker.