29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz «Aşgabat şäheriniň häkimliginiň köp gatly awtoduralgalaryny hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasyna gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi.
Soňra wise-premýer G.Müşşikow ätiýaçlandyryş işini ösdürmek, raýatlara hem-de ýuridik şahslara ýokary hilli ätiýaçlyk hyzmatlaryny hödürlemek hem-de degişli kadalaşdyryjy-hukuknamalaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik durmuşynyň ykdysady, hukuk we durmuş ulgamlarynyň möhüm bölegi bolup durýan, aýry-aýry raýatlaryň, guramalaryň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini goraýan ätiýaçlandyryş ulgamynyň ähmiýetini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hormatly Prezidentimize gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy–2020» atly ХХV Halkara maslahaty barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, önüm çykarylyşyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, azot önümçiligi üçin «Türkmengaz» döwlet konserni ykjam gurnamalar bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna we köpugurly esasda ösdürilmegine, onuň ählumumy energiýa ulgamyna yzygiderli goşulmagyna we pudakda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen syýasaty alyp barýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylda jemi 10 million düýp bag nahallaryny ekmek bellenilip, häzirki wagtda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer ählihalk bag ekmek dabarasyny 7-nji noýabrda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi. Milli Liderimiz «Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda zerur bolan gurluşyk serişdeleriniň bökdençsiz önümçiligini ýola goýmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň hormatyna guraljak dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň kesgitlenen möhletde tamamlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow öz gezeginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer pudagara toparyň ikinji mejlisiniň geçirilendigini aýdyp, onda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakyndaky» Kararynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garalandygyny belledi. Milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, elektron Hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegini göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň taslamalary barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhanalaryň gurluşygy hakyndaky teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýyladyşhanalary gurmak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, telekeçiligiň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga we önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.
Raýatlaryň şypahana edaralarynda dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin myndan beýläk hem has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady hem-de raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak babatda şypahana ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şeýle hem şypahana düzümini mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere şypahanalaryň işine we hödürleýän hyzmatlarynyň hiline, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi hem-de sport ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyz bu ugur boýunça köptaraply resminamalaryň ikisine gatnaşýar, olaryň biri Olimpiýa nyşanyny goramak baradaky Naýroby şertnamasydyr, beýlekisi bolsa Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasydyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan 19 döwlet bilen sport babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi.
Ýurdumyzyň Ýewropanyň sport ýaryşlaryny dolandyrmak baradaky Konwensiýasyna (2014-nji ýylda Şweýsariýanyň Maglingen şäherinde kabul edildi) hem-de Halkara sambo federasiýasy we Halkara tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryň, Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Olimpiýa komiteti, Koreýa Respublikasynyň Sport we Olimpiýa komiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryny taýýarlamak hem-de ýakyn wagtda olara gol çekmek teklip edildi.
Türkmenistanyň halkara sport guramalarynyň işine toplumlaýyn gatnaşmagy maksada laýyk hasaplanylýar. Şu güne çenli ýurdumyz şeýle düzümleriň 7-siniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara sport federasiýalarynyň 48-siniň, ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halkara sport medisina federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça işlere girişmek teklip edildi.
Geljek ýyllarda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň VII Halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, döwletimizde Halkara Olimpiýa Komitetiniň sessiýasyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny geçirmek teklip edildi.
Şunuň bilen birlikde, Olimpiýa Hartiýasyna hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň resminamalaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Tertipnamasyny we işini kämilleşdirmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki derejesiniň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilen «Küştdepdi» türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyryş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu çäre Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde geçirilýär. Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek dabara Türki dilli halklarynyň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäde halkymyzyň baý milli taryhy-medeni mirasyny we onuň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp küştdepdini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny, doganlyk döwletler bilen medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de baýlaşmagyna gönükdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Mejlisiň 24-nji oktýabrda geçirilen 12-nji maslahatynda 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetine we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň işjeňleşdirilmegine, jemgyýetimiziň demokratiýalaşdyrylmagyna, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna hukuk taýdan goldaw berilmegine, dürli ugurlarda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna garaldy we olar kabul edildi.
Milli Liderimiz kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň häzirki döwürde okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi. Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.