Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli ugurlarynda belent ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip, dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny uly dabara bilen bellemäge taýýarlykly barýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.
Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesiniň şanly toýuna barha golaýlaýar, Watanymyz, paýtagtymyz Aşgabat toý lybasyna beslenýär. Paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde «Bitarap Türkmenistana 25 ýyl» diýen ýazgylara duş gelmek bolar. Owadan paýtagtymyzy bezäp oturan bu ýazgylar gijelerine hem owadan keşbe eýe bolýar.
Ýurdumyzyň ähli ýerini gurşap alan baýramçylyk dabaralary täze binalaryň, kärhanalaryň, önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi bilen has-da dabaralanýar. Mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna bagyşlanan açylyş dabaralary paýtagtymyz Aşgabatda gurlan iri hem-de döwrebap lukmançylyk desgalary bilen başlady. Aşgabatda Halkara ýanyk şikeslerini bejerýän merkeziň hem-de Estetiki merkeziň açylyşy boldy. Soňra baýramçylyk dabarasy mynasybetli «Garagumuň ýalkymy» ralli reýdi hem-de awtomobil sportuna degişli sport çäreleri guraldy.
Şeýle hem merjen paýtagtymyzyň S. Türkmenbaşy we A. Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumynyň ulanmaga berilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» atly XXV Halkara maslahatynyň geçirilmegi baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi.
Mundan başga-da, şanly senä gabatlanylyp, Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlup ulanylmaga beriljek belent hem-de kaşaň ýaşaýyş jaý toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýokanç keseller hassahanasy we Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesindäki şypahana Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabarasyny has-da belende galdyrar.
Şeýle hem «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň many-mazmunyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini dünýä ýaýmak maksady bilen, şu günler metbugatda, internet saýtlarynda, döwürleýin neşirlerde we elektron gazetlerde köp sanly makalalar yzygiderli çap edilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna degişli türkmen, iňlis we rus dillerinde maglumat berýän kitapçalar neşir edildi. Şanly sene mynasybetli geçiriljek türki dilli döwletleriň kompozitorlarynyň hem-de sazşynaslarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly döredijilik duşuşygy, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyrylyş çäresi hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen diňe bir söwda ykdysady däl, eýsem, ynsanperwer ugurlarda hem hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasy bolar.
Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.