Bu reňk howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge kömek eder. ABŞ-nyň Perdýu uniwersitetiniň hünärmenleri Gün şöhlelerini şöhlelendirip bilýän 95,5 göterim «aşa ak» reňk döretdiler. Alymlar bu täze boýagyň şu wagta çenli öndürilen iň ak reňkdigini we munuň ählumumy maýylganlyga garşy göreşip biljekdigini öňe sürýärler. Boýagyň bu ukyby, düzümindäki kalsiý karbonat bilen baglanyşykly bolup, diňe Gün şöhlesini ajaýyp şöhlelendirmek bilen çäklenmän, beýleki himiki serişdelere garanyňda ep-esli az çykdajy edýär.
Alymlar täze boýagyň kömegi bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, üçegi şeýle boýag bilen boýamak, elektrik toguny tygşytlamaga-da mümkinçilik berer. Indi hünärmenler birmeňzeş häsiýetli, ýöne dürli öwüşginli boýag döretmegiň üstünde işleýärler.
Babajan BATYRGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.