Or­ta Ame­ri­ka­da ýer­leş­ýän Gwa­te­ma­la­da Ma­ýýa me­de­ni­ýe­ti döw­rün­den ga­lan suw aras­sa­laý­jy des­ga­nyň üs­ti açyl­dy. Bi­ler­men­ler ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ti­kal şä­he­rin­dä­ki «Cor­ri­en­tal» at­ly des­ga­nyň hä­zir­ki wagt­da hem ula­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Ame­ri­kan alym­la­ry­nyň üs­tü­ni açan suw aras­sa­laý­jy ul­ga­my hä­zir­ki­le­re meň­zeş­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Alym­lar şol dö­wür su­wy aras­sa­la­mak üçin kwars­dan hem-de seo­lit­den ýa­sa­lan süz­güç ula­ny­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Kwars hem-de seo­lit su­wuň dü­zü­min­dä­ki zy­ýan­ly mik­ro­or­ga­nizm­le­ri we al­ýu­min ýa­ly agyr me­tal­la­ry aras­sa­la­mak üçin hä­zir­ki wagt­da hem suw aras­sa­laý­jy des­ga­lar­da ula­nyl­ýar.
ABŞ-nyň Oga­ýo şta­tyn­da­ky Sin­sin­na­ti uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni, ant­ro­po­log Bar­nett Tan­kers­li maý­ýa­ly­la­ryň dün­ýä­niň il­kin­ji döw­re­bap suw aras­sa­laý­jy des­ga­sy­ny gu­ran­dyk­la­ry­ny, şeý­le hem şol dö­wür­de Ýew­ro­pa­da we Me­so­po­ta­mi­ýa­da şeý­le des­ga­nyň bol­man­dy­gy­ny bel­le­ýär. Pro­fes­sor Bni­ço­las Dum­ming bu ýer­de wul­ka­nyň part­la­ma­gy ne­ti­je­sin­de seo­lit we kwars ýa­ly mi­ne­ral­la­ryň ýü­ze çy­kan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ga­dy­my maý­ýa­ly­lar ast­ro­no­mi­ýa, ma­te­ma­ti­ka, bi­na­gär­lik we sun­gat ýa­ly bir­nä­çe ugur­da ösen me­de­ni­ýe­ti dö­re­dip­dir­ler.