Hä­zir­ki dö­wür­de ra­ýat­syz­lyk esa­sy me­se­le bo­lup dur­ýar. Ol dün­ýä ýü­zün­de esa­sy hu­kuk­la­ra we res­mi taý­dan yg­lan edil­me­gi­ne müm­kin­çi­li­gi bol­ma­dyk adam­la­ryň mil­li­on­lar­ça­sy­ny öz içi­ne al­ýar. Ony ara­dan aýyr­mak mak­sa­dy bi­len, BMG-niň bos­gun­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry 2014-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da #Ibe­long on ýyl­lyk möw­sü­mi he­re­ke­te gi­riz­di. Onuň çäk­le­rin­de ýo­ka­ry yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­re, de­mok­ra­tik ösü­şiň we hä­zir­ki za­man hu­kuk jem­gy­ýe­ti­niň esas­la­ry­na yg­rar­ly bo­lan dün­ýä­niň köp san­ly ýurt­la­ry, şol san­da Türk­me­nis­tan bi­len ys­ny­şyk­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýul­dy.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da BMG-niň bos­gun­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça we­kil­ha­na­sy­nyň iş­gär­le­ri bu äh­lu­mu­my möw­sü­miň çäk­le­rin­de se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ýe­ten de­re­je­si ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­di­ler. Şeý­le hem olar ra­ýat­syz­lyk me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly iş alyp bar­ýan Türk­me­nis­ta­nyň öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Umu­my pi­ki­re gö­rä, ra­ýat­syz­ly­gy azalt­mak we onuň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­ler bu ugur­da bar bo­lan bi­le­lik­dä­ki tej­ri­b­­ä­ni has-da baý­laş­dyr­dy we ol dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip hem-de iç­gin öw­re­ni­lip, beý­le­ki ýurt­lar üçin nus­ga­lyk de­re­jä eýe­dir.
BMG-niň bos­gun­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry­nyň Mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça Hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my ýag­daý­la­ra iş­jeň gat­naş­ýar.
Yn­san­per­wer me­se­le­le­ri bo­ýun­ça esa­sy hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­na we kon­wen­si­ýa­la­ry­na go­şul­ýan döw­le­ti­miz «Apat­rit­le­riň de­re­je­si ha­kyn­da» we «Ra­ýat­syz­ly­gy azalt­mak ha­kyn­da» ýa­ly BMG-niň ra­ýat­syz­lyk ýag­daý­la­ry­na ses­len­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra hu­kuk ta­gal­la­la­ry üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup dur­ýan kon­wen­si­ýa­la­ry­na hem go­şul­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ra­ýat­syz­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň hu­ku­gy­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ola­ra kö­mek ber­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan soň­ky ýyl­lar­da bir­nä­çe anyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­di.
Türk­me­nis­tan­da 2024-nji ýy­la çen­li ra­ýat­syz­ly­gy ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­de He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bu ugur­da­ky mö­hüm wa­ka öw­rül­di. Ol bir­nä­çe anyk çä­re­le­ri göz öňün­de tut­ýar.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, 2011-nji ýyl­dan baş­lap, ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň 23 mü­ňe go­la­ýy Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­ly­gy­na ka­bul edil­di. Wa­ta­ny­my­zyň baky Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şanly 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän döw­rün­de bu iş­ler üs­tü­nlik­li do­wam ed­ýär.
«Türk­me­nis­tan–Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýy­lyň iýul aýyn­da «Ra­ýat­lyk ýag­da­ýy­nyň na­ma­la­ry ha­kyn­da» Ka­nun ka­bul edil­di. Ol ene-ata­la­ry­nyň de­re­je­si­ne ga­ra­maz­dan, ýur­du­my­zyň çä­gin­de dog­lan äh­li ça­ga­la­ryň ha­sa­ba alyn­ma­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ra­ýat­lyk we ra­ýat­syz­lyk me­se­le­le­ri­ni giň­den açyp gör­kez­ýän köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ne üns çe­kil­di. Bu iş­le­ri hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, BMG-niň bos­gun­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry žur­na­list­ler üçin bäs­le­şik yg­lan et­di. Olar bu ug­ra de­giş­li wi­deo­şe­kil­le­ri hem-de çap edi­len ma­ka­la­la­ry hö­dür­läp bi­ler­ler.
* * *
5-nji no­ýabr­da wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň hö­dür­län tas­la­ma­sy­ny ABŞ-nyň «Me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak ba­ra­da­ky il­çi­niň gaz­na­sy» at­ly mak­sat­na­ma­sy­nyň bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si hök­mün­de yg­lan et­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de ins­ti­tu­ta de­giş­li pul sy­la­gy gow­şu­ryl­dy.

Bö­lü­nip be­ril­ýän se­riş­de­le­riň or­ta asyr gol­ýaz­ma we kö­ne ne­şir ki­tap­la­ry­ny re­je­le­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge hem-de su­rat nus­ga­la­ry­ny aýap sak­la­mak üçin mag­lu­mat­lar to­ru­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Çy­kyş eden­ler hat we ne­şir ki­tap mi­ra­sy­nyň tä­sin gym­mat­lyk­dy­gy­ny hem-de hal­kyň ta­ry­hy ha­ky­da­sy­nyň mö­hüm dü­züm bö­le­gi­di­gi­ni, oňa örän aýaw­ly çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýän mil­li baý­lyk hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu iş­le­riň ge­çi­ri­l­me­gi gol­ýaz­ma we kö­ne ne­şir ki­tap gaz­na­la­ryň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün eder, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi üçin bu tä­sin ne­şir­le­re el­ýe­ter­li­li­gi art­dy­rar. Elekt­ron ki­tap­ha­na­nyň dö­re­dil­me­gi bol­sa dür­li ugur­lar­da alym­la­ryň we hü­när­men­le­riň öza­ra he­re­ket­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Dört ýy­lyň için­de 80 sa­ny gol­ýaz­ma, kö­ne ne­şir ki­tap­la­ry­nyň abat­la­nyl­ma­gy hem-de aýap sak­la­nyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem şu hal­ka­ra mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça 2007-nji we 2008-nji ýyl­lar­da bö­lü­nip ber­len pul se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça ga­dy­my gol­ýaz­ma ki­tap­la­ryň 100-den gow­ra­gy­nyň abat­la­ny­lan­dy­gy­ny bel­läp geç­mek ge­rek. Gel­jek­de ins­ti­tut gol­ýaz­ma­lar bi­len bir ha­tar­da, hä­zir­ki za­ma­nyň yl­my usul­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly li­tog­ra­fik gaz­na­la­ry aýap sak­la­mak we ola­ry re­je­le­mek iş­le­ri­ni ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ugur­lar­da tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, ABŞ-nyň Kong­re­si­niň Ki­tap­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.