Ýe­riň öz oku­nyň hem-de Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ýan­dy­gy bir­nä­çe asyr­dan bä­ri ylym dün­ýä­si­ne mä­lim. Se­ne­na­ma, gün­ler, sa­gat­lar umu­man, wagt Ýe­riň he­re­ke­ti­ne gö­rä dü­zü­len. Ýe­riň tiz­li­gi örän ýo­ka­ry bo­lup, öz oku­nyň da­şyn­dan se­kunt­da 465 metr geç­ýär. Bu gör­ke­zi­ji sa­gat­da 1674 ki­lo­metr diý­me­gi aň­lad­ýar. Pla­ne­ta­nyň ek­wa­to­ry, ýag­ny has giň ýe­ri has çalt, pol­ýu­sa gi­dil­di­gi­çe has ha­ýal aý­lan­ýar. Mu­ňa eli­ňi­ze top alyp pyr­la­sa­ňyz has go­wy göz ýe­ti­rer­si­ňiz. Tä­sin ýe­ri biz şeý­le ýo­ka­ry tiz­lik­de bar­ýan pla­ne­ta­da ýa­şa­ýan­dy­gy­my­za ga­ra­maz­dan, ony hiç hi­li duý­ma­ýa­rys.
Ýer pla­ne­ta­sy at­mos­fe­ra (Ýe­riň da­şy­ny gur­şap al­ýan gaz gör­nüş­li gat­lak) we üs­tün­dä­ki äh­li zat bi­len bi­le­lik­de aý­lan­ýar. Ula­gyň üs­ti ýa­pyk is­len­dik gör­nü­şin­de bar­ýar­kak hem ho­wa aky­my­ny duý­ma­ýa­rys. Em­ma ula­gyň aý­na­sy­ny aç­sak, öň­den gel­ýän ho­wa aky­my­ny duý­ýa­rys. Has ýo­ka­ry tiz­lik bi­len bar­ýan uçar­da bol­sa, ar­ka­ýyn ýö­räp, otu­ryp-tu­rup, na­har iýip, çaý içip bol­ýar. Se­bä­bi, için­dä­ki­ler uçar bi­len deň tiz­lik­de he­re­ket ed­ýär. Ýer pla­ne­ta­sy hem şeý­le.
Ýe­r öz da­şyn­dan bir aý­la­wy­ny 23 sa­gat 56 mi­nut­da ta­mam­la­ýar. Ýe­riň aý­lan­ma­gy se­bäp­li ýü­ze çy­kan ho­wa aky­my­ny, ýag­ny şe­ma­ly hem duý­ma­ýa­rys. Se­bä­bi, Ýer öz da­şyn­dan şol bir tiz­lik­de aý­lan­ýar. Eger-de bu tiz­lik azal­sa ýa-da kö­pel­se mu­ny üs­tün­dä­ki äh­li jan­dar­lar, şol san­da adam­lar hem du­ýar­dy. Mu­ny bol­sa, ýo­ka­ry tiz­lik­de bar­ýan ula­gyň bir­den dur­ma­gy­na meň­ze­dip bi­le­ris. Ýo­ka­ry tiz­lik­de bar­ýan ulag birden tizligini peseltse, için­dä­ki­ler de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­lap bil­män öňe ýy­ky­lar. Eger Ýe­riň tiz­li­gi bir­den dur­sa, at­mos­fe­ra­nyň he­re­ke­ti do­wam edip, güýç­li ýel bo­lar­dy.
Eý­sem, Ýe­riň tiz­li­gi nä­me üçin üýt­ge­me­ýär? Se­bä­bi, beý­le­ki pla­ne­ta­lar bi­len bir ha­tar­da Ýer hem kos­mos gi­ňiş­li­gin­de – boş­luk­da aý­lan­ýar. Ony sak­la­jak hiç hi­li päs­gel­çi­lik ýok. Eme­le ge­len wag­tyn­dan bä­ri äh­li pla­ne­ta­lar we as­man ji­sim­le­ri şol bir tiz­li­gin­de aý­lan­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär.