Hormatly Prezidentimiziň Aşgabady ajaýyp şähere – täze eýýamyň nyşanyna öwrüp, ony agtyklarymyza we çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys diýip, belläp geçişi ýaly, paýtagtymyz köp sanly seýilgähleri, suw çüwdürimleri, ajaýyp binalary öz içine alýan giň toplum görnüşinde özgerýär. Paýtagtymyzyň ilaty ýyl-ýyldan artýar, şonuň netijesinde tutuş köçeler, etraplar, ýaşaýyş toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Döwlet Baştutanymyz innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyny Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Bu babatda eýýäm köp sanly işler durmuşa ornaşdyryldy. Paýtagtymyzda yzygiderli gurulýan durmuş hem-de medeni maksatly binalar ak mermerli şäherimiziň ýaşamak hem-de dynç almak üçin iň amatly şäherleriň birine öwrülýändiginiň subutnamasydyr.
Paýtagtymyzda medeni hyzmatdaşlyk babatda hem halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Soňky döwürde Aşgabadyň «ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamyna» goşulmagy babatda ähli zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň hökümet agzalary, galyberse-de Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri ÝUNESKO-nyň hünärmenleri bilen bu ugurda onlaýn tertipde yzygiderli duşuşyklar geçirýärler. Bu duşuşyklarda ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2030-njy ýyllar üçin işleriň meýilnamasynyň çäklerinde bolup biljek gatnaşyklar bilen bagly meselelere garaldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasydyr. Bu abraýly gurama medeni ýadygärlikleri we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça halkara işlerde birinji derejeli orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanan açyk gatnaşyklar üçin şertleri döretmegiň üstünde işleýär.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň Ählumumy toruna «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de «Senetler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabady, geljekde bolsa «Edebiýat» diýen ulgamda Mary şäherini hem girizmäge taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.
Häzirki pursatda bu abraýly sanawa dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň 246 şäheri girýär. 2004-nji ýylda döredilen bu Maksatnamanyň maksady medeniýet we sungat ugurlarynda şäherleriň intellektual hyzmatdaşlygyna ýardam etmekden ybaratdyr.
Aşgabat dost-doganlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň şäheri hökmünde hyzmat edýär. Ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary, Bitaraplyk ýörelgeleri kesgitlenilip, sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy, abadançylygy, gülläp ösüşi üpjün etmäge, hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda dünýä döwletleriniň onlarçasynyň diplomatik wekilhanalary, halkara guramalarynyň iş edaralary ýerleşýär. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da belende galdyrýar.
Paýtagtymyz we onuň daş-töweregi gadymy medeniýetleriň hem ojagy hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat şäheriniň gündogar böleginde gadymy döwre degişli küýzegärçilik önümleri ýüze çykarylypdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky iki müň ýylyň dowamynda häzirki Aşgabadyň çäginde we onuň töwereklerinde galalaryň, mülkleriň hem-de oturymly ýerleriň tutuş ulgamy ýerleşipdir. Beýik Ýüpek ýoly möhüm ugurlarynyň ählisini öz içine almak bilen çäklenmän, eýsem, Parfiýany we onuň baş şäheri Parfiýa imperiýasynyň paýtagty bolan Nusaýy öz içine alýan ýurdumyzyň baş şäheriniň hem gadymylygy ÝUNESKO-nyň ählumumy toruna girmeginde onuň medeni ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň has-da artmagyna uly itergi berer.
Aşgabady gök baglyklara bürenen, innowasion şäher hökmünde ösdürmek ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda şäherimizde gurulýan binalar özüniň binagärçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bular hem ÝUNESKO-nyň ählumumy toruna girýän ýurtlaryň şäherleri bilen Aşgabadyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde esas bolup hyzmat eder.
Nursoltan BAÝRAMDURDYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.