Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, dün­ýä yl­my­nyň tä­ze ga­za­nan­la­ry esa­syn­da taý­ýar­la­nan, tä­ze­çe pi­kir­len­me­le­ri öz içi­ne al­ýan, ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­na san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­bat­da um­ma­syz köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li ugur­la­ryn­da san­ly ul­ga­ma tap­gyr­la­ýyn esas­da geç­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Biz gün­de­lik dur­muş­da dür­li gör­nüş­li san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hyz­ma­tyn­dan ýy­gy-ýy­gy­dan peý­da­lan­ýa­rys. Hä­zir­ki dö­wür­de dur­mu­şy hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bol­maz­dan göz öňü­ne ge­tir­mek kyn bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak, in­no­wa­si­on önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek ug­run­da ze­rur iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na hem uly o­run de­giş­li­dir. Mu­ňa ýur­du­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän «Türk­men­tel–2020» at­ly XIII hal­ka­ra mas­la­ha­ty hem my­sal­dyr.

Şu ýyl dün­ýä­dä­ki wa­ka­lar göz öňün­de tu­tu­lyp, bu hal­ka­ra mas­la­hat on­laýn ter­ti­bin­de ge­çi­ril­di. Ýur­du­myz­dan hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan alym­la­ryň, bi­ler­men­le­riň we işe­wür­le­riň gat­naş­ma­gy­nda ge­çi­ri­len mas­la­hat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň we ýur­du­my­zyň mag­lu­mat-te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­na da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny, teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we tas­la­ma­la­ry­ny çek­me­giň, peý­da­la­ny­jy­la­ra yg­ty­bar­ly we ýo­ka­ry hil­li hyz­ma­ty üp­jün et­mek­de mag­lu­mat-te­lea­ra­gat­na­şyk ul­ga­my­ny gi­ňelt­me­giň, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ýur­du­myz san­ly hyz­mat­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, sim­siz ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň we bu­lut teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni gi­ňelt­mek, öý­jük­li ara­gat­na­şy­gyň 5G ul­ga­my, mag­lu­mat we ki­ber­howp­suz­ly­gy, san­ly bi­lim we san­ly luk­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak ug­run­da ta­gal­la ed­ýär.
Ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň kä­mil hyz­mat­la­ry­ny ber­mek ug­run­da «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­ne de­giş­li eda­ra­lar hem köp iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Bu agent­li­gi­ň «Türk­men­te­le­kom» elekt­rik kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan tä­ze döw­re­bap mil­li elekt­ron poç­ta­sy­nyň dö­re­dil­me­gi elek­tron poç­ta hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem «Al­tyn asyr» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­men­le­riniň ýur­du­myz­da il­kin­ji mil­li on­laýn hat-ha­bar alyş-çal­şy­gy «Mes­sen­ger» prog­ram­ma­sy­ny we mo­bil go­şun­dy­sy­ny dö­ret­me­gi bol­sa, ýur­du­myz­da in­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly on­laýn gör­nü­şin­de hat-ha­bar­la­ry alyş­ma­ga we to­par­la­ýyn söh­bet­deş­lik­le­ri gur­na­ma­ga, ses­li we wi­deojaň­la­ry ama­la aşyr­ma­ga, dür­li gör­nüş­dä­ki elekt­ron faýl­la­ry ug­rat­ma­ga we ka­bul et­mä­ge tä­ze müm­kin­çi­lik eme­le ge­tir­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi san­ly­laş­dyr­mak ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, söw­da, ylym-bi­lim, luk­man­çy­lyk, oba ho­ja­ly­gy we beý­le­ki pu­dak­lar­da san­ly ul­ga­myň berk bin­ýa­dy dö­re­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da elekt­ron söw­da­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy.
Aş­ga­bat­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat mer­kez­le­rin­de IT-meý­dan­ça­la­ry dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar, olar hä­zir­ki za­man ser­wer we beý­le­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edi­ler. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len äh­li pu­dak­lar­dyr eda­ra­la­ryň hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­mak üçin ýö­ri­te in­ter­net sa­hy­pa­la­ry açyl­dy. In­ter­net sa­hy­pa­la­ryn­da ula­ny­jy­la­ra hyz­mat­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri hö­dür­len­mek bi­len, äh­li amal­lar elekt­ron esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­re­bap elekt­ron döw­let hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän «e.gov.tm» in­ter­net sa­hy­pa­sy bol­sa, şeý­le müm­kin­çi­lik­le­riň bi­ri­dir.
Ýur­du­my­zyň ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da «akyl­ly öý» tas­la­ma­sy­nyň ama­la aşy­ry­lyp baş­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu tas­la­ma ýa­şaý­jy­la­ryň wag­ty­ny tyg­şyt­la­mak, gün­de­lik iş-ala­da­la­ry­ny azalt­mak, bir do­lan­dy­ry­jy no­kat­dan şol bir wag­tyň özün­de bir­nä­çe he­re­ke­ti aw­to­ma­tik ýag­daý­da ama­la aşyr­mak ýa­ly ze­rur­lyk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Umu­man, ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da­ky san­ly­laş­dyr­mak iş­le­ri­niň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da do­wam et­di­ril­me­gi ýur­du­my­zyň tä­ze ösüş be­lent­lik­le­ri­ne ýet­me­gi­ne my­na­syp go­şant bo­lar.

Sül­gün ŞA­NE­PE­SO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we
in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.